Dec 15, 2021 15:16 Asia/Ashgabat
  • Merkezi Aziýanyň dört ýurdunda 418 million tonna ýadro galyndylary bar

418 million tonna ýadro galyndylary Merkezi Aziýanyň dört ýurdunda (Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan) saklanýar.

Daşkentdäki Fars habar gullugynyň habaryna görä, Özbegistanyň senagat howpsuzlygy boýunça Döwlet komitetiniň we radiasiýa we ýadro howpsuzlygy bölüminiň habaryna görä, häzirki wagtda saklanylýan uran känlerini gözlemek netijesinde Özbegistanda 4 million tonna ýadro galyndylary bar bu bolsa Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryndan ep-esli azdyr.

Häzirki wagtda Gazagystanda 240 million tonna ýadro galyndylary, Gyrgyzystanda 132 million tonna we Täjigistanda 42 million tonna ýadro galyndylary saklanýar.

 

Tags