Türkmenistan bilen Gazagystan ýörite serhet söwda zolagyny döretmek kararyna gelýär
https://parstoday.ir/tk/news/world-i14800-türkmenistan_bilen_gazagystan_ýörite_serhet_söwda_zolagyny_döretmek_kararyna_gelýär
Türkmenistan bilen Gazagystan iki ýurduň arasynda erkin serhet söwda zolagyny döretmek isleýärler.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 15, 2021 14:45 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan bilen Gazagystan ýörite serhet söwda zolagyny döretmek kararyna gelýär

Türkmenistan bilen Gazagystan iki ýurduň arasynda erkin serhet söwda zolagyny döretmek isleýärler.

Fars habar gullugynyň habaryna görä Gazagystanyň Aşgabatdaky ilçisi "Ýerekbulan Sapiýew" metbugat ýygnagynda: Türkmenistan bilen Gazagystanyň serhedinde ýörite serhet söwda zolagyny döretmäge synanyşýarys, bu Türkmenistanyň Balkan sebiti bilen Gazagystanyň Mangistao sebitiniň arasynda özara täsirleşmek mümkinçiligini döreder diýdi.

Gazagystanyň Aşgabatdaky ilçisi "Ýerekbulan Sapiýew" Gazagystan Türkmenistan bilen söwda we ykdysady gatnaşyklary giňeltmek isleýär diýdi.

2021-nji ýylyň ilkinji 9 aýynda Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda 143 million dollara ýetdi, bu bolsa 2020-nji ýyldakydan 11% köpdir.