Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde Pakistanyň premýer-ministri ABŞ-a duýduryş berdi
(last modified Sun, 19 Dec 2021 09:57:40 GMT )
Dec 19, 2021 14:57 Asia/Ashgabat
  • Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde Pakistanyň premýer-ministri ABŞ-a duýduryş berdi

Päkistanyň premýer-ministri Owganystana garşy alyp barýan işleri we syýasatlary barada ABŞ-a duýduryş berdi.

IRNA-nyň habaryna görä, "Imran Han" şu gün (ýekşenbe) Yslamabatda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gyssagly ýygnagynyň açylyş dabarasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Owganystandaky wakalara ýerliksiz çemeleşmesini tankytlap Waşingtona ýüzlenip, Owganystandaky bulam-bujarlygyň hiç bir tarapyňam bähbidine däldigini, ýurtdaky bidüzgünçilikleriň güýçlenmeginiň netijeleriniň diňe Eýran we Päkistan bilen çäklenmejekdigini duýdurdy.

Pakistanyň premýer-ministri Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ýüzlenip, ýurduň çemeleşmesine täzeden garamalydygyny, sebäbi Owganystanyň emläk ýa-da bank ulgamyna girip bilmedik ýagdaýynda eçerki ykdysady we sosial krizisi nädip çözüp bilsin diýip aýtdy.

Talyban 15-nji awgustda Owganystanda häkimiýete gelenden soň, ABŞ we beýleki Günbatar ýurtlary Owganystanyň takmynan 10 milliard dollar emlägini bloke etdi we bu ýurda berilýän maliýe kömeklerini kesdiler.

Pakistanyň premýer-ministri Imran Han halkara jemgyýetçiligini owgan halkyna kömek bermek üçin gyssagly çäre görmäge çagyrdy.

Päkistanyň premýer-ministri sözüniň dowamynda: Owganystanyň halkyna kömek etmek we bu ýurda ynsanperwerlik kömegi bermek Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň möhüm wezipesi we biziň üçin dini we ideologiki borçdyr diýdi.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekilleriniň, şol sanda Eýranyň 17-nji adatdan daşary ýygnagy şu gün Yslamabatda (Pakistanyň paýtagty) Owganystandaky häzirki wakalara syn bermek maksady bilen başlandy.