Orsýet ABŞ-nyň haýbat atyjy hereketleri barada duýduryş berdi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i14884-orsýet_abŞ_nyň_haýbat_atyjy_hereketleri_barada_duýduryş_berdi
Orsýetiň prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna haýbat atyjy çäreleri barada duýduryş berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 21, 2021 18:06 Asia/Ashgabat
  • Orsýet ABŞ-nyň haýbat atyjy hereketleri barada duýduryş berdi

Orsýetiň prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna haýbat atyjy çäreleri barada duýduryş berdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin sişenbe güni Orsýetiň Goranmak ministrliginiň mejlisinde Waşingtonyň haýbat atyjy hereketlerine jogap hökmünde Moskwanyň degişli harby-tehniki çäreleri görjekdigini aýtdy.

Ýewropadaky dartgynlylyk üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň günäkärdigini aýdan Putin, ABŞ-nyň raketa goranyş elementleriniň Orsýetiň serhedine ýerleşdirilmeginiň Moskwany alada goýýandygyny aýtdy.

Sammitde Orsýetiň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Orsýetiň serhediniň golaýynda öz goşunyny giňeldýändigini we 8000 töweregi ABŞ goşunynyň Gündogar Ýewropada ýerleşendigini aýtdy.

Gündogarda garşydaş ägirt güýç hökmünde Orsýet-e hemişe basyş etmegiň ýollaryny gözleýän ABŞ, indi Ukrainanyň serhedinde rus güýçleriniň bolmagy bu ýurda howp salýandygyny öňe sürüp, sebitde dartgynlylygy döretmek we Orsýet-e garşy basyşy ýokarlandyrmak üçin täze bahana gözleýär.