Tedros Adhanom Gebreýesus Omikron Wariantynyň Ýüze Çykmagyna Alada Bildirdi
Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus koronawirusyň “Omikron” wariantynyň “sunami” täsirini emele getirmegine uly alada bildirýändigini aýtdy.
Gebreýesus bu warianta çynlakaý çemeleşilmelidigini beýan etdi.
BSGG-nyň Baş Direktory Gebreýesus Kowid-19-yň Hytaýyň Uhan şäherinde ýüze çykan gününiň 2-nji ýyly mynasybetli guramanyň Ženewadaky merkezinde wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly guran metbugat ýynagynda: “İki ýyl mundan ozal adamlar täze ýyl baýramçylygyny belläp geçmek üçin ýygnanşanlarynda täze bir global howp ýüze çykypdy” diýdi.
BSGG-nyň şol howpa garşy gyssagly işe girişendigini nygtan Gebreýesus Kowid-19 sebäpli 2020-nji ýylda 1,8 million, 2021-nji ýylda bolsa 3,5 milliona barabar adamyň ýogalandygynyň habar berilendigini nygtap; “Hakyky görkezijileriň has ýokarydygyny bilýäris” diýdi.
Gebreýesus bütin dünýäde çaltlyk bilen ýaýraýan “Omikron” wariantynyň aşa ýokanç bolmagy, “Delta” warianty bilen şol bir wagtda ýüze çykmagy we täze wariant sebäpli kesellileriň sanynyň “sunami” täsirini emele getirmegine alada bildirdi.
BSGG-nyň Baş Direktory: “Omikronyň” has ýeňil ýa-da howpsuzdygy hakynda käbir beýannamalar bar. Emma beýleki tarapdan “Omikrona” ünssiz çemeleşilýär. Şeýlelikde ol howply bolup biler. Sebäbi çalt ýokuşma tizligi sebäpli keselhanada bejergi alýanlaryň we adam pidalarynyň sany artyp biler. Biz ony aýdypdyk we häzirki wagtda-da görýäris” diýdi.
Gebreýesus Kowid-19 sanjymlarynyň möhümdigine ünsi çekip, sanjymlanmadyk adamlaryň iki wariantdan hem ölme howpunyň sanjymlanan adamlara has ýokarydygyny nygtady.
2022-nji ýylda pandemiýanyň akut derejesiniň ortadan aýryljakdygyna bolan ynanymynyň henizem dowam edýändigini nygtan Gebreýesus, Kowid-19 sanjymlarynyň döwletlere adalatly ýetirilmegi boýunça ýene-de bir gezek çagyryş etdi.
Gebreýesus sanjym deňsizligini ortadan aýyrmagyň pandemiýany gutarmagyň açary bolmagynda galýandygyny aýratyn belläp geçdi.