Putin: Gazagystan halkara terrorçylygynyň nyşany boldy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i15240-putin_gazagystan_halkara_terrorçylygynyň_nyşany_boldy
Orsýetiň prezidenti, Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň mejlisinde käbir içerki we daşary ýurt toparlarynyň Gazagystandaky ýagdaýdan ýaramaz peýdalanmaga synanyşýandygyny aýtdy.
(last modified 2022-01-10T13:41:06+00:00 )
Jan 10, 2022 18:41 Asia/Ashgabat
  • Putin: Gazagystan halkara terrorçylygynyň nyşany boldy

Orsýetiň prezidenti, Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň mejlisinde käbir içerki we daşary ýurt toparlarynyň Gazagystandaky ýagdaýdan ýaramaz peýdalanmaga synanyşýandygyny aýtdy.

IRIB habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Orsýetiň prezidenti "Wladimir Putin" Reňkly rewolýusiýasy diýilýän zadyň sebitde bolmagyna ýol bermeris diýdi.

Putin Gazagystandaky ýaragly adamlaryň daşary ýurtlardaky terror bazalarynda tälim alandygyna yşarat edip Gazagystan halkara terrorçylygynyň nyşany bolandyr we Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň güýçleri zerur bolan mahalyna çenli Gazagystanda galarlar diýip sözlerine goşdy.

Wladimir Putin, Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň ýolbaşçylarynyň täze ýylyň ilkinji iş gününde onlaýn ýagdaýda geçirilen adatdan daşary ýygnagynda şeýle-de Moskwa agza döwletleriň içerki ýagdaýynyň sarsmagyna we Reňkly ynkylaplaryň ýüze çykmagyna hiç wagt ýol bermez diýip nygtady.

Orsýetiň prezidenti sebitdäki wakalara we öňde boljak çynlakaý meselelere ünsi çekip Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasyny güýçlendirmegiň zerurdygyny aýtdy.

2022-nji ýylyň ilkinji günlerinde Gazagystanda ýangyjyň bahasynyň ýokarlanmagy bilen halkyň protestleri başlandy we soň köçe gozgalaňlaryna öwrüldi.

Ýagdaýyň ýaramazlaşmagyndan we goşunyň ýurduň howpsuzlygyna gözegçilik edip bilmezliginden bir gün soň Gazagystanyň prezidenti Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyndan kömek sorady.