Germaniýanyň Federal Kansleri Russiýa-Ukraina dartgynlygy barada beýanat berdi
Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols, Russiýanyň Ukrainanyň gündogar serhedindäki harby hereketiniň Ýewropanyň parahatçylygy we howpsuzlygy üçin howp emele getirýändigini habar berdi
Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols "Süddeutsche Zeitung" gazedine beren beýanatynda, Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky dartgynlyk bilen baglanşykly: "Örän tankydy bilen ýagdaýdadyrys. Russiýa tarapyndan Ukraina serhediniň golaýynda ýüz müň esgeriň we köp mukdarda harby enjamyň üýşürilmegini görmediksirän bolmarys. Onuň parasatly bir jogaby ýok. Bu Ýewropanyň parahatçylygy we howpsuzlygy üçin howp emele getirýär" diýip mälim etdi.
Olaf Şols: "Onuň manysy käbir köne kitaplarda serhetler tapawutly çyzylan diýip, güýç ulanyp serhetleri üýtgedip bilmeris. Ýola goýulmaly zat harby güýç däl, eýsem hukuk we düzgünlerdir" diýip aýan etdi.
Krymyň anneksiýa edilmeginiň Helsinki jemleýji aktynyň Russiýa tarapyndan edilen bir düzgün bozmadygyny aýdan Olaf Şols: "Gündogar Ukrainadaky ýagdaý howply bolmaga dowam edýär we şol bir wagtda şol ýörelgeleriň düzgün bozmasy manysyna gelýär" diýip beýan etdi.
Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols Russiýanyň Ukraina hüjüm eden halatynda, ozal beren beýanatyny ýatladyp, Ukraina garşy harby hüjüm bolan halatynda onuň Russiýa üçin agyr bir jogabynyň boljakdygyny belläp geçdi.
German deňiz güýçleriniň serkerdesi we Berliniň Kiýewi ýarag bilen üpjün etmekden ýüz öwürmegi baradaky jedelli sözler sebäpli Ukraina bilen Germaniýanyň arasyndaky gatnaşyklar dartgynlaşdy.
Hindistana saparynyň çäginde Germaniýanyň deňiz flotunyň serkerdesi admiral Keý Ahim Şonbah Russiýanyň Ukrainany basyp aljak bolýandygy baradaky aýyplamalaryň ýalan däldigini aýtdy. Şeýle hem, 2014-nji ýylda Russiýany Ukraina goşan Krym ýarym adasynyň yzyna gaýdyp gelmegini inkär etdi we Wladimir Putiniň hormat isleýändigini we belki-de oňa mynasypdygyny aýtdy. Keý Ahim Şonbahyň aýdan sözleri tankyt tolkunyny döretdi we netijede Şonbahyň mejbury işinden aýrylmagyna sebäp boldy.
Beýleki tarapdan, Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitriý Kolba Germaniýanyň Russiýa bilen häzirki dartgynlylygyň arasynda ýarag ibermekden ýüz öwürmegi baradaky sözlerine garşy çykyp, Berliniň pozisiýasynyň Ukrainanyň howpsuzlyk ýagdaýyna ýa-da iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara laýyk gelmeýändigini aýtdy.