Britaniýa Ukrainadaky ilçihanasynda işleýän işgärleriň maşgalalaryny ýurtdan çykarmaga başlady
Beýik Britaniýa Russiýanyň Ukraina garşy etmegi ähtimal göçümine garşy Ukrainadaky ilçihanasynda işleýän işgärleriň maşgalalaryny ýurtdan çykarmaga başlady
Günbataryň Ukrainany basyp almak ähtimallygy barada Russiýa garşy aýyplamalary dowam edýärkä, Moskwa bilen Günbataryň arasyndaky gapma-garşylyk täze derejä çykdy. Bu aralykda, Günbatar metbugaty bu meselede giňişleýin propaganda söweşini alyp bardy.
Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: "Ilçihananyň käbir işgärleri we olaryň maşgalalary, Russiýadan gözbaş alýan howplar sebäpli Kiýewden çekilýär" diýip habar berildi.
Britaniýanyň ilçihanasynyň açyk galmaga we gündelik işlerini alyp barmaga dowam etjekdigi mälim edildi.
Beýanatda iňlis raýatlarynada Donetsk, Lugansk we Krym ýaly ýerlere syýahat etmezlikleri, Ukrainanyň galan böleginede mejbur bolmadyklary saýyn syýahat etmezlikleri maslahat berildi.
Karar ABŞ-nyň Kiýew şäherindäki ilçihanasynda işleýän işgärleriň maşgalalaryna Ukrainadan çykmaklyklary barada beren görkezmesinden soň kabul edildi.
Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrligi, 23-nji ýanwarda çap eden ýazmaça beýanatynda, Russiýanyň Ukrainada rus tarapdary bolan hökümet gurmak meýilnamasynyň bardygyny anyklanandygyny aýan edipdi.
Beýik Britaniýa mundan başgada Ukraina taňka garşy ulanylýan ýaraglar ugradypdy.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken penşenbe güni Germaniýada Ukrainadaky ýagdaýyň Russiýa bilen NATO-nyň arasyndaky dawa däl-de, halkara derejesinde möhümdigini aýtdy. Blinken Germaniýanyň Daşary işler ministri Analna Baýerbuk bilen duşuşandan soň metbugat ýygnagynda "Şonuň üçin ABŞ we onuň Ýewropaly hyzmatdaşlary Ukrainadaky wakalara ünsi jemleýär" -diýdi. Döwlet sekretary Moskwanyň goňşusyna (Ukraina) garşy islendik täze agressiýanyň Waşington we onuň ýaranlary tarapyndan "çalt, güýçli we agzybir jogap" bilen garşylanjakdygyny aýtdy.