Hytaý we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilelikdäki beýany neşir edildi
Hytaý we Merkezi Aziýanyň bäş döwleti wirtual sammitden soň hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bilelikdäki beýannama berdiler.
IRNA-nyň habaryna görä, Hytaý, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli wirtual sammitden soň berlen beýanatda, bu ýurtlaryň arasyndaky bilelikdäki hyzmatdaşlygy gowulandyrmagyň we ösdürmegiň zerurlygy nygtaldy.
Duşuşykda Hytaýyň prezidenti Türkmenistan, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan we Gyrgyzystan bilen has ýakyn hyzmatdaşlyga ünsi çekip Pekiniň Merkezi Aziýanyň bäş döwleti bilen üstünlikli hyzmatdaşlygynyň açary birek-birege hormat goýmak, hoşniýetlilik we dostluk, raýdaşlyk we özara bähbitlilikdir diýdi.
Hytaýyň prezidenti Si Szinpin şeýle hem 500 million dozada korona sanjymynyň bu ýurt tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlaryna beriljekdigini yglan etdi. Ol şeýle hem, bu ýurtlarda sanjymlary öndürmek boýunça bilelikdäki taslamalary meýilleşdirmegiň başlandygyny habar berdi.