Gazagystanyň bilen Orsýetiň prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
https://parstoday.ir/tk/news/world-i15758-gazagystanyň_bilen_orsýetiň_prezidentleriniň_arasynda_telefon_arkaly_söhbetdeşlik
Gazagystan bilen Orsýetiň prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlikde Ukrainadaky häzirki ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdylar.
(last modified 2022-02-23T06:38:52+00:00 )
Feb 23, 2022 11:38 Asia/Ashgabat
  • Gazagystanyň bilen Orsýetiň prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Gazagystan bilen Orsýetiň prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlikde Ukrainadaky häzirki ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdylar.

Ukrainanyň gündogaryndaky Donbass Donetsk we Luhansk sebitlerinden, şeýle hem rus ilatly ýerlerinden ybaratdyr we iki welaýat 2014-nji ýylda Ukrainada hökümet çalşylandan soň Kiýewden garaşsyzlygyny yglan etdiler.

 Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin duşenbe güni agşam Donetsk we Luhansk respublikalarynyň garaşsyzlygyny ykrar etdi, bu mesele derrew dürli döwlet işgärleriniň we halkara işgärleriň reaksiýalary bilen ýüzbe ýüz boldy we Moskwa bilen Kiýewiň arasyndaky dartgynlygy ýokarlandyrdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Ukrainadaky soňky wakalar we Orsýetiň Donetsk bilen Luhanskiň Ukrainadan garaşsyzlygyny ykrar etmek ugrundaky hereketleri sebäpli Moskwa garşy ilkinji sanksiýalaryny yglan etdi.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Josep Borrell hem sişenbe güni agşam bu Bileleşigiň Orsýete garşy täze sanksiýalar bukjasyna biragyzdan razy bolandygyny aýtdy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin şu gün (çarşenbe) Gazagystanyň prezidenti Kasym Jomart Tokaýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde, Gazak kärdeşine Ukrainadaky ýagdaý barada öz ýurdunyň pozisiýasy barada maglumat berdi.