ÝB, Putine we Lawrowa Sanksiýa Goýdy
Wladimir Putin bilen Sergeý Lawrowyň sanksiýa sanawyna alynandygy we Ýewropadaky emlaklarynyň saklanyljakdygy nygtaldy
Wladimir Putin bilen Sergeý Lawrowyň sanksiýa sanawyna alynandygy we Ýewropadaky emlaklarynyň saklanyljakdygy nygtaldy
ÝB, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň sanksiýa sanawyna alynandygyny habar berdi.
Russiýanyň, Ukrainanyň gündogaryndaky seperatist dolanşygyň garaşsyzlygyny ykrar edendigi sebäpli rus firmalaryna we banklaryna sanksiýa goýan ÝB, sanksiýa sanawynyň göwrümini giňeltdi.
ÝB-niň Ýokary wekili Borrel, penşenbe güni Ukraina harby hüjüm başladan Wladimir Putin bilen Sergeý Lawrowyň sanksiýa sanawyna alynandygyny we Ýewropadaky emlaklarynyň saklanyljakdygyny habar berdi.
Şeýlede,NATO agza ýurtlaryň liderleri, Russiýanyň Ukraina guraýan harby hüjümini ara alyp maslahatlaşmak üçin adatdan daşary ýagdaýda jemlenişdi.
NATO agza ýurtlaryň liderler maslahatynyň jemleýji jarnamasynda, “Ukrainanyň demokratik ýagdaýda saýlanan prezidentine, parlamentine, hökümetine we gahrymanlarça ýurtlary üçin göreşýän ukrainanyň halkyna goldaw bermäge dowam ederis” diýildi.
Jarnamada “Russiýanyň bu hereketine degişli jogaby bereris, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Ukraina hüjüm etmek karary sebäpli, Russiýa uzak ýyllaryň dowamynda ykdysady we syýasy taýdan agyr jerime tölär” diýildi.
Russiýa düýn Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy.
Ol bir tarapdan, Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Russiýanyň Ukraina bilen gepleşik geçirmek üçin Belarusyň paýtagty Minske wekiliýet ugratmaga taýardygyny aýtdy.
Peskow, Putiniň Ukraina guraýan harby hüjümiň seperatist dolanşyklara goldaw bermegi, Ukrainany faşizmden halas etmegi we ekstremistlerden saplamagy maksat edinýändigini ýatlatdy.
Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Ukrainanyň Prezideti Zelenskiniň teklibine jogap hökmünde Putin, “Ukraina bilen gepleşik geçirmek üçin Goranmak we Daşary işler ministrliginin ýolbaşçylaryndan ybarat resmi wekiliýeti Minske ugratmaga taýar” diýip belledi.
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý, Russiýa bilen bitaraplyk statusyny ara alyp maslahatlaşmakdan gorkmaýandyklaryny aýdypdy we Putine “adam pidalarynyň bes edilmegi üçin gepleşik stoluna oturalyň” diýip ýüzlenipdi.