Günbataryň sanksiýalaryna Russiýanyň beren jogaby
https://parstoday.ir/tk/news/world-i15796-günbataryň_sanksiýalaryna_russiýanyň_beren_jogaby
Russiýa, Günbataryň sanksiýalaryna jogap edip, Moskwa bilen dostlukly gatnaşygy bolmadyk ýurtlaryň emläklerini doňdurjakdygyny mälim etdi.
(last modified 2022-02-26T13:41:19+00:00 )
Feb 26, 2022 18:41 Asia/Ashgabat
  • Günbataryň sanksiýalaryna Russiýanyň beren jogaby

Russiýa, Günbataryň sanksiýalaryna jogap edip, Moskwa bilen dostlukly gatnaşygy bolmadyk ýurtlaryň emläklerini doňdurjakdygyny mälim etdi.

Günbatar ýurtlary Russiýanyň Ukrainadaky harby hereketine jogap hökmünde Russiýa birnäçe gezek sanksiýa girizdi.

"Roýter" habar gullugynyň habaryna görä Russiýanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretarynyň orunbasary Dmitriý Medwedew Günbataryň sanksiýalaryna, şol sanda rus raýatlarynyň we kompaniýalarynyň doňdurylmagyna reaksiýa bildirip Ar alyş üçin, Moskwa Russiýadaky daşary ýurtlularyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň, şol sanda ABŞ-da, Ýewropa Bileleşiginde we Russiýa bilen dostlukly gatnaşygy bolmadyk beýleki ýurtlarda hasaba alnan kompaniýalaryň maliýe çeşmelerini doňdurar we millileşdirer diýip yglan etdi.

Iňlisleriň we Ýewropa Bileleşiginiň  Russiýa garşy girizen sanksiýalaryna jogap hökmünde Russiýanyň Daşary işler ministrligi Moskwanyň Günbatara garşy özara sanksiýalary girizjekdigini yglan etdi.