Täjigistan we rus resmileri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňelmegini nygtaýarlar
https://parstoday.ir/tk/news/world-i15806-täjigistan_we_rus_resmileri_ikitaraplaýyn_gatnaşyklaryň_giňelmegini_nygtaýarlar
Täjigistan bilen Russiýanyň parlamentleriniň başlyklary dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňelmegini nygtadylar.
(last modified 2022-02-27T09:47:11+00:00 )
Feb 27, 2022 14:47 Asia/Ashgabat
  • Täjigistan we rus resmileri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňelmegini nygtaýarlar

Täjigistan bilen Russiýanyň parlamentleriniň başlyklary dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňelmegini nygtadylar.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Täjigistanyň Milli mejlisiniň başlygy "Rostam Emamali" we Russiýa Federasiýasynyň mejlisiniň başlygy "Walentina Matwinko" şu gün Täjigistanyň paýtagty "Duşanbe" -de duşuşyp ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy we ösdürmegi, şeýle hem sebitdäki wakalary şol sanda  Ukraina meselesi barada maslahatlaşdylar.

Täjigistanyň Milli mejlisiniň başlygy Täjigistanyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurda Russiýa bilen gatnaşyklar aýratyn orny eýeleýär bu nukdaýnazardan iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklar hem möhümdir diýdi.

Russiýa Federasiýasynyň mejlisiniň başlygy hem Russiýa bilen Täjigistanyň arasyndaky strategiki gatnaşyklara ünsi çekip: Iki ýurduň sebitleýin we halkara meseleler boýunça pozisiýalary umumy we biri-birine ýakyndyr diýdi.

Walentina Matwinko şeýle-de ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky Günbataryň Ukrainadaky prowokasiýa hereketleri ahyrsoňy bu ýurtda söweşe we konflikte sebäp boldy diýdi.