DAEŞ Bulujystan welaýatynda bolup geçen terrorçylykly hüjümiň jogapkäri
DAEŞ topary düýn (sişenbe) Pakistanyň Bulujystan welaýatynda bolup geçen terrorçylykly hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.
Sişenbe güni Pakistanyň Bulujystan welaýatynyň Sabi sebitinde DAEŞ guramasynyň terrorçylykly hüjüminde alty sany pakistan esgeri öldi, we azyndan 22 adam ýaralandy.
Roýter habar gullugynyň habaryna görä, Bu hüjüm Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky şaýy metjidine edilen terrorçylykly hüjümde 63 adamyň ölmeginden birnäçe gün soň boldy.
Syýasy durnuksyzlyk döwründe Pakistanda terrorçylyk zorlugy güýçlenip durandyr. Sişenbe güni bolan hüjümiň jogapkärçiligini terrorcy DAEŞ topary öz üstüne aldy.
Pakistanyň günorta-günbataryndaky Bulujystan welaýatynyň Sabi etrabynyň ýokary derejeli polisiýa işgäri "Roýter" habar gullugyna beren interwýusynda "Ilkinji ajalyna kaýyl bolan bombaçy partlamadyk granat atdy, soň bolsa goşunyň ýanynda özüni partladyp, alty adamy öldürdi" -diýdi.
Bulujystandaky partlama Pakistanyň Peşawar şäherinde DAEŞ toparynyň terrorçylykly operasiýasyndan bir hepde geçmänkä boldy. Geçen anna güni Peşawar welaýatynyň şaýy metjidinde bolup geçen terrorçylykly hüjümde azyndan 63 ybadatçy şehit boldy we 200-den gowrak adam ýaralandy.