Türkiýäniň Daşary işler ministri rus we ukrain kärdeşleri bilen duşuşdy
Türkiýäniň Daşary işler ministri iki söweşýän ýurduň, Russiýanyň we Ukrainanyň Daşary işler ministrleri bilen aýratyn söhbetdeş boldy.
Antalýa diplomatiýa forumy şu gün, penşenbe güni, Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky söweşleriň dowam edip duran yagdayynda Türkiýäniň bir şäherinde geçiriler.
"Mehr" habar gullugynyň habaryna görä, duşuşygyň öňüsyrasynda Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuş Oglu Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitriý Kolba bilen duşuşdy.
Türk habar gulluklary Mewlüt Çawuş oglunyň rus we ukrain kärdeşleri bilen aýry-aýry gepleşikleriniň mazmunyny beýan etmediler. Emma bu duşuşyklarda Antalýada üçtaraplaýyn gepleşikleriň esasy ugurlaryny kesgitlemek barada gurrun edilenc bolmagy ahmal.