Russiýanyň galla önümleriniň Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň ýurtlaryna eksport edilmegi togtýar
Russiýa Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine galla eksportyny gadagan etdi.
IRIB habarlar gullugynyň habaryna görä, Russiýanyň Ykdysady Ösüş ministrligi penşenbe güni bir beýannama boýunça Russiýanyň gümrük komitetiniň Russiýa Federasiýasyndan Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine agza ýurtlara galla eksportyny wagtlaýyn gadagan etmek kararyny tassyklandygyny aýtdy.
Beýanata görä, bu gadaganlyk 2022-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli bugdaý we çowdary, arpa we mekgejöweniň eksportyna degişlidir.
Russiýanyň Ykdysady ösüş ministrliginiň gümrük komiteti penşenbe güni Russiýa Federasiýasyndan Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlara gallany eksport etmegiň wagtlaýyn gadagan ediljekdigini hem habar berdi.
Şeýle hem Russiýanyň gümrük komiteti 2022-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli rus ak şekeriniň we çig şekeriň eksportyny wagtlaýyn gadagan etmek kararyny goldady.
Russiýa dünýäde bugdaý we arpa eksport edýän iň uly ýurtlaryň biri bolup, 2009-njy ýylda gallasynyň dörtden bir bölegini eksport edendir.