Putin Ukraina Bilen Gepleşiklerde Käbir Oňyn Wakalaryň Bardygyny Aýtdy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i15982-putin_ukraina_bilen_gepleşiklerde_käbir_oňyn_wakalaryň_bardygyny_aýtdy
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen duşuşdy.
(last modified 2022-03-12T01:21:43+00:00 )
Mar 12, 2022 06:21 Asia/Ashgabat
  • Putin Ukraina Bilen Gepleşiklerde Käbir Oňyn Wakalaryň Bardygyny Aýtdy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen duşuşdy.

Putin Kremlde Lukaşenko bilen geçiren duşuşygynyň metbugata açyk bölüminde beren beýanatynda; “Ukraina meselesindäki ýagdaý hakynda we ähli zatdan ozal tas her gün geçirilýän gepleşikleriň ýeten sepgidi barasynda size hökman maglumat bererin. Biziň tarapymyzdaky gepleşikleri alyp baryjylaryň maňa beýan etmegine görä käbir oňyn özgerlişikler bar. Bular barasynda size giňişleýin maglumat berjek” diýdi.

Putin şeýlede,onlaýn formatda geçiren Howpsuzlyk maslahatynda Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň Ukraina hakyndaky habarnamasyny dinledi.

Esasy bölegi Ýakyn Gündogar ýurtlarynda 16 müň “meýletiniň” Ukrainanyň goşunlaryna garşy söweşmek üçin ýüz tutandygyny beýan eden Şoýgu; “Esasanda şol talaplar pul üçin däl, eýsem meýletinlige esaslanýandygy üçin elbetde oňa oňyn jogap bermegi ýerlikli hasap edýäris. Esasy bölegini bilýäris, soňky on ýylda terror guramasy DAEŞ-e garşy göreşde goldaw berdiler” diýdi.

Ukraina ähli tarapdan gözegçiliksiz ýarag gelýändigini beýan eden Şoýgu, çaknyşyklarda Ukrainanyň güýçlerinden galan ýaraglaryň, ok-däriniň we harby ulaglaryň separatist dolanşyga berilmegini teklip etdi.

Günbataryň howp astyndadygyna garamazdan şertlerden peýdalanyp Russiýanyň günbatar serhetlerine harby güýç ornaşdyrýandygyny aýdan Sergeý Şoýgu; “Baş ştab şol sebäpli günbatar serhetlerimizi güýçlendirmek we goramak üçin söweşjeň güýçleri serhetýakasyna getirmek üçin meýilnama düzýär” diýdi.

Putin bolsa dünýäniň ähli ýerinden hakynatutma söweşijileriň Ukraina gidýändigini, Ukrainanyň günbatarly ýaranlarynyň resmi Kiýewiň halkara hukugyň ähli kadalaryny basgylap, ony gizlemeýändigini aýtdy.

Putin Ýakyn Gündogardan gitjek we Russiýanyň tarapynda durjak “meýletin söweşijileriň” Ukrainadaky çaknyşyk zolaklaryna getirilmegi üçin görkezme berdi.