Russiýa materikara ballistik raketa synagyny geçirdi
Russiýa Sarmat atly materikara ballistik raketa synagyny geçirdi
ussiýanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, Sarmat raketasynyň Arhangelsk sebitinden uçurylyp, Kamçatkada ýerleşdirilen nyşanany ýok edendigi mälim edildi.
Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin, raketa synagy bilen bagly beren beýanatynda, Sarmatyň Russiýanyň howpsuzlygyny üpjün etjekdigi bellenip: "Bu ýarag agressiw beýanatlaryň gyzygynlygy bilen bize hemle atmaga synanyşýanlary ýene-de bir gezek oýlandyrar" diýip belledi.
Russiýa 1988-nji ýyldan bäri inwentarynda bolan, Günbatar döwletler tarapyndan "Şeýtan" diýip häsýetlendirilýän materikara ballistik raketa bolan "Woýewoda"-nyň ýerine goýmak maksady bilen oýlanyp tapyldy.
2010-njy ýyldan bäri üstünde işlenýän, "Woýewoda" raketasyndan has köp ýadro boýegolowka göterip bilýän, has uly menzile eýe bolan raketanyň Demirgazyk we Günorta polýusdaky nyşanalary ýok etmek mümkinçiligine eýedir.
Sarmat-yň takmynan 200 tonnalyk agyrlygy we gysga möhletli aktiw uçuş aýratynlygy bilen häzirki wagtda bar bolan raketa ulgamlary tarapyndan öňüniň alynmagynyň mümkin bolmandygy öňe sürüldi. Harby hünärmenler Sarmatyň 11-18 müň km aralygynda menzile eýedigini beýan edýärler.
Moskwanyň howpsuzlyk meselelerine biperwaý garamagyny tankyt eden Putin, 21-nji fewralda ilkinji gezek Donetsk we Luhansk Halk Respublikasynyň garaşsyzlygyny ykrar edendigini we Kremldäki bu iki sebtiň ýolbaşçylary bilen hyzmatdaşlyk we dostluk şertnamalaryna gol çekendigini aýtdy. Soňra, 24-nji fewralda Putin Donetsk we Luhansk liderlerinden harby kömek soramagyna jogap hökmünde Donbas sebitinde ýörite harby operasiýa başlady.
Putiniň aýdanlaryny Russiýanyň ýarany hasaplanýan Prezident Aleksandr Lukaşenko goldaýar. Lukaşenko metbugat ýygnagynda "Russiýanyň hüjümi gysga wagtlap yza süýşürilen bolsady, Ukraina Russiýa agyr zarba urardy" -diýdi.
Ukrainadaky söweşden mezende2 aý geçdi we şu wagta çenli 25 ýurt Kiýewe dürli harby ýarag iberdi. Ruslar Ukrainany basyp almak islemeýändiklerini mälim etdiler. Urşuň başlamagy bilen Günbatar ýurtlary Ukrainany uly ýaraglar bilen üpjün etdi, emma Ukrainanyň harby ýaraglaryny iň köp üpjün ediji ABŞ. ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden ozal yglan edilen harby kömekden başga-da, Ukraina 750 million dollarlyk täze harby bukja bermegi meýilleşdirýär. Jo Baýden Putine garşy dürli negatiw sözler bilen psihologiki we propaganda söweşini alyp bardy. Mysal üçin, Baýden Putiniň Ukraina eden hüjümini "genosid" ýa-da nesil girmak diýip atlandyrdy.