Türkiýäniň prezidentiniň Eýrana ýakyn wagtda sapary
Eýranyň Gündogar Azarbaýjan welaýatynyň merkezi Töwrizdäki Türkiýäniň Baş konsuly, Türkiýäniň prezidentiniň Tährana ýakyn wagtda boljak saparyny yglan etdi.
EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň demirgazyk-günbataryndaky Gündogar Azerbaýjan welaýatynyň merkezi Töwrizdäki Türkiýäniň Baş konsuly Çetin Taner penşenbe güni Töwriz Söwda, senagat, magdan we oba hojalygy palatasynyň başlygy Ýunes Žaileh bilen duşuşanda iki ýurduň arasyndaky medeni meňzeşliklere şeýle hem Gündogar Azerbaýjanyň köp mümkinçiliklerine yşarat edip bu mümkinçiliklerden peýdalanmagyň zerurdygyny aýtmak bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin tagalla edilmelidigini aýtdy.
Dünýä ykdysadyýetiniň ýokary tizligine we bu ugurda hereket etmegiň zerurdygyna ünsi çeken Çetin Taner, türk kompaniýalarynyň Töwrizde maýa goýmak isleýändigini aýtdy.