Gazagystanyň prezidenti Hytaýyň Goranmak ministri bilen duşuşdy
Hytaýyň Goranmak ministri Nursultana eden saparynda Gazagystanyň prezidenti bilen duşuşdy we BMG-nyň parahatçylygy goraýyş operasiýasyna harby gatnaşygyň geografiki taýdan giňelmegini ara alyp maslahatlaşdy.
Fars habar gullugynyň habaryna görä Gazagystanyň prezidenti Kasym Jomart Tokaýew resmi sapar bilen Nursultana gelen Hytaýyň Goranmak ministri Wei Feng bilen duşuşanda, 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda Pekine eden hökümet sapary we 2022-nji ýylyň fewral aýynda Hytaýa iş sapary wagtynda gazanylan möhüm şertnamalaryň ýerine ýetirilişine ýokary baha berdi.
Gazagystanyň prezidenti \evle-de Gazagystan bilen Hytaý häzirki wagtda strategiki hyzmatdaşlar we ykdysady hyzmatdaşlykda gaty gowy netijeleri gazandy diýdi.
Tokaýew, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalarynyň çäginde Gazagystany we Hytaýy halkara arenasynda ýakyn hyzmatdaşlar diýip atlandyrdy we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ösüş derejesinden kanagatlanýandygyny aýtmak bilen bu hyzmatdaşlygyň üznüksiz we kem-kemden ösmegini we täze netijelere ýetmegi zerur hasaplady.
Hytaýyň Goranmak ministri hem öz gezeginde Pekiniň Nursultan bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny mälim etdi we Gazagystanyň içerki we daşary syýasatyny dürli ugurlarda goldady. Duşuşygyň başga bir böleginde iki tarap halkara we sebitara gün tertibindäki möhüm meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdy.