Russiýa Ukrainadaky aksiýalary barada maglumat berdi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i16654-russiýa_ukrainadaky_aksiýalary_barada_maglumat_berdi
Russiýanyň Goranmak ministrligniň metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow Russiýanyň goşunynyň Ukraina söweşindäki aksiýalary barada maglumat berdi
(last modified 2022-04-27T21:49:46+00:00 )
Apr 28, 2022 02:49 Asia/Ashgabat
  •  Russiýa Ukrainadaky aksiýalary barada maglumat berdi

Russiýanyň Goranmak ministrligniň metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow Russiýanyň goşunynyň Ukraina söweşindäki aksiýalary barada maglumat berdi

Russiýanyň Goranmak ministrligniň metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow, Ukrainanyň Zaparožýe şäherinde ABŞ we Ýewropa ýurtlaryndan ugradylan ýarag we ok-därileriň ýerleşdirilen angara uzak aralykly "Kalibr" raketalary bilen nyşana alyp, hüjüm gurandyklaryny habar berdi.

Russiýanyň Goranmak ministrligniň metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow, Russiýanyň goşunynyň Ukraina söweşindäki aksiýalary barada maglumat berdi.

Ukrainadaky nyşanalara garşy ýokary takyk ýaraglary ulanmagy dowam etdirýändiklerini aýdan Konaşenkow: "ABŞ we Ýewropa ýurtlaryndan Ukraina ugradylan köp mukdardaky daşary ýurt ýaraglarynyň we ok-därileriň ýerleşýän Zaparožýe şäherindäki alýumin fabriginiň çägindäki angarlar deňizden uzak aralykly ýokary takyk Kalibr raketalary bilen ýok edildi" diýip habar berdi.

Russiýanyň harby-howa taktiki birikmeleriniň düýn gijäniň dowamynda Ukrainanyň goşunyna degişli 59 harby nyşanany ýok edendigini aýdan Konaşenkow, raketa we artilleriýa toparlarynyň bolsa 573 nyşana hüjüm gurandygyny mälim etdi.

Howa goranyş raketa ulgamlary bilen tapawutly ýerlerde Ukraina degişli 18 uçarmansyz howa ulagyny, ondan daşary Ilýiçewka ýaşaýyş zolagynda howada Toçka-U taktiki raketany ýok edendiklerini aýdan Konaşenkow: "Ukrainanyň goşunyna degişli şu günki güne çenli 141 uçar, 110 dikuçar, 607 uçarmansyz howa ulagy, 273 howa goranyş ulgamy, 2 müň 596 taňk we sowutly ulag, 296 köp nilli raketa ulgamy, 1134 gaubisa we minomýot, 2 müň 413 ýörite harby ulag ýok edildi" diýip belledi.

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy söweş başladypdy.

Emma,ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen, Russiýanyň energiýa kärhanasy Gazpromyň ÝB-ne agza käbir ýurtlara tebigy gaz eksportyny bes etmeginden soň beýannama berdi. 

Gazpromyň birtaraplaýyn häsýetde Ýewropadaky müşderilere gaz eksportyny duruzandygyny aýdan Ursula fon der Lýaýen, onuň Russiýanyň tebigy gazy bir şantaž enjamy hökmünde ulanmakdygyny beýan etdi. 

Russiýanyň ygtybarsyz tebigy gaz üpjünçisidigini ýene-de bir gezek orta goýandygyny aýdan Fon der Lýaýen: "Bu ssenariýe garşy taýarlyklydyrys" diýip belledi. 

ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen, ÝB agza ähli ýurtlar bilen ýakyn aragatnaşyk içindediklerini, goşmaça üpjünçilikler we mümkin bolan iň gowy ammarlama derejesini üpjün etmek üçin iş alyp barýandyklaryny aýan etdi. 

ÝB ýurtlarynyň olar ýaly ssenariýlere garşy gyssagly meýilnamalar düzendigini aýdan Fon der Lýaýen, şol çäkde gaz koordinasiýa maslahatyň geçirilendigini mälim etdi.