Karzaý, Eýranyň owgan halkyna berýän goldawyna ýokary baha berdi
Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdullahian bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Owganystanyň öňki prezidenti Hamed Karzaý goňşy ýurtlara we Eýran Yslam Respublikasyna owgan halkynyň häzirki problemalaryny çözmekde hyzmatdaşlygy we goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Hamed Karzaý ýekşenbe güni agşam Huseýin Amir Abdullahian bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde, Eýran halkyny we hökümetini Oraza baýramy bilen gutlady.
Hamed Karzaý bu telefon gepleşiginde Owganystandaky soňky terrorçylyk wakalara yşarat edip bigünä adamlary nyşana alýan kör terrorçylygy ýazgarmak bilen Owganystanyň geljegini ähli dürli etnik toparlaryň we gatlaklaryň hyzmatdaşlygynda we arkalaşygynda bilip, Owganystanyň goňşy ýurtlaryna we Eýran Yslam Respublikasyna, Owganystanyň halkyna häzirki problemalary çözmekde hyzmatdaşlygy we goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Bu söhbetdeşlikde Eýranyň Daşary işler ministri Hamed Karzaýy, resmileri we Owganystanyň ähli halkyny Oraza baýramy bilen gutlady we Gudratygüýçli Alladan Owganystanyň halkynyň buýsanjyny, abadançylygyny we bagtly bolmaklaryny sorady.
Şeýle hem Amir Abdullahian giňişleýin hökümet gurmak we terrorçylyga garşy göreş prosesini çaltlaşdyrmak bilen Owganystanyň goňşulary we sebitdäki beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlygynyň ugurlarynyň giňeljekdigine umyt bildirdi.