Owganystanda ýene bir partizan topary döredi
Owganystanyň öňki harby serkerdesi general Abdul Raşid Dostumyň ýolbaşçylygyndaky "Möjek bölegi" atly partizan topary Owganystanyň Baglan welaýatynda kimligini yglan etdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, şenbe güni "Möjek bölegi" atly partizan topary metbugatda alyp barýan işleriniň wideosyny ýaýratdy we "Owganystanyň milli hereketiniň" lideri Abdul Raşid Dostumy goldaýan güýçleriň muny döredendiklerini yglan etdi.
Hasabatda aýdylmagyna görä birnäçe ýaragly topar Owganystanda barlygyny yglan edip, Talyban hökümetine garşy ýaragly söweşe başlapdyr.
Geçmişde Owganystandan Sar-e Pol we Şebergandan möjek topary diýlip atlandyrylýan bir güýç çykyp, owgan talybanlary bilen göni söweşe girendigi barada resmi däl habarlar gelip gowuşýardy.
Owganystanyň demirgazygyndaky Jowzjan welaýatynda esasan özbekler we türkmenler ýaşaýar.Şebergan, Balh welaýatynyň paýtagty Mazar-e-Şerifden 130 km uzaklykdadyr.
Dostum güýçleri 1990-njy ýyllarda Talyban bilen gazaply we ganly çaknyşykda bolupdy.