ABŞ-nyň öňki Sowet respublikalarynda öjükdiriji hereketlerini dowam edýär
https://parstoday.ir/tk/news/world-i16824-abŞ_nyň_öňki_sowet_respublikalarynda_öjükdiriji_hereketlerini_dowam_edýär
Amerikanyň Birleşen Ştatlary öňki Sowet respublikalarynda öjükdiriji hereketleriniň dowamynda Ermenistana 1 million dollar kömek etdi.
(last modified 2026-02-01T01:27:28+00:00 )
May 09, 2022 07:57 Asia/Ashgabat
  • ABŞ-nyň öňki Sowet respublikalarynda öjükdiriji hereketlerini dowam edýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlary öňki Sowet respublikalarynda öjükdiriji hereketleriniň dowamynda Ermenistana 1 million dollar kömek etdi.

Günbatar ýurtlarynyň, esasanam Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Russiýa garşy öjükdiriji hereketleri ahyrsoňy Ukrainadaky söweşe sebäp boldy. Emma Amerikanyň Russiýanyň goňşularyna aralaşmak üçin edýän tagallalary ýa-da ABŞ-nyň Merkezi Aziýadaky öjükdiriji hereketleri bu ýerde bilen gutarmaýar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Täjigistandan soň Ermenistana 1 million dollarlyk harby enjam iberdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Ermenistana himiki, biologiki, radiologiki we ýadro hüjümlere garşy göreşmek boýunça 1 million dollarlyk harby enjamlaryny berdi.

Birnäçe gün ozal ABŞ Täjigistanyň Goranmak ministrligine 2/3 million dollarlyk harby ulag enjamlaryny gowşurdy.