May 17, 2022 11:32 Asia/Ashgabat
  • Şwesiýa NATO Agzalyk Üçün Ýüz Tutar

Andersson, ýurduň howpsyzlygynyň we bähbitleriň goralmagy maksady bilen şeýle kararyň kabul edilendigini belledi.

 

Şwesiýanyň Premýer-ministri Mandalena Andersson, şu gün partlamentde geçirlen gepleşiklerden soň hökümetiň NATO agzalyk üçün ýüz tutmak barada karar kabul edendigini aýtdy.

Parlamentde esasy köplügiň NATO agzalygyna goldaw berýändigini ýatladan Andersson, ýurduň howpsyzlygynyň we bähbitleriň goralmagy maksady bilen şeýle kararyň kabul edilendigini belledi.

Andersson, Finlýandiýa bilen birlikde NATO agzalyk üçin ýüz tutmak isleýändiklerini belledi.

Finlýandiýanyň Prezidenti Niinistö ertir resmi sapar bilen Şwesiýa gider.

Finlýandiýa bilen Şwesiýanyň ertir ýada çarşenbe güni NATO agzalyk üçin birlikde ýüz tutmagyna garaşylýar.

Şeýlede Şwesiýanyň hökümedi, NATO agza bolmak bilen bagly meseleleri maslahatlaşmak üçin Türkiýä diplomatlardan ybarat wekiliýet ugratmak barada karar kabul edendigini habar berdi

Şwesiýanyň Daşary işler ministri Ann Linde, hökümediň başyndaky Sosial Demokrat partiýanyň, ýurdunyň NATO agza bolmak bilen bagly meseleleri maslahatlaşmak üçin ýakyn wagtda paýtagt Ankara şäherine wekiliýet ugratjakdygyny mälim etdi. 

Şwesiýanyň NATO agza bolmak üçin ýüz tutmak meýilnamasyna Russiýanyň beren reaksiýasynyň hem üstünde durup geçen Linde: "Russiýa howa giňişligimize girip düzgün bozdy, biziň nasistdigimiz bilen bagly dezinformasiýa kampaniýalaryny alyp bardy. Kiber hüjümler artdyrylar we serhedimizde hereketlilik başdan geçiriler" diýip beýan etdi. 

Sosial Demokrat partiýasynyň düýn geçiren maslahatynda Şwesiýanyň NATO agza bolmak üçin ýüz tutmak barada karar kabul edildi. 

Beýleki tarapdan Germaniýanyň paýtagty Berlinde, NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň resmi däl maslahatynda, Linde bilen duşuşyk geçiren Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e örän açyk ýagdaýda goldaw berýändigini belläp: "Bu hem biziň halkymyzyň duýgusyna ýaramaz täsir ýetirýär, gözümiziň öňünde berýän ähli duýduryşlarymyza garamazdan. Şol sebäpli hyzmatdaş boljak bir ýurt açyk ýagdaýda PKK/ÝPG-e her gün bize hüjüm gurap, esgerlerimizi, polisiýa işgärlerimizi terror edýän, asuda halkymyzy şehit edýän terror guramasyna goldaw bermeli däldir" diýip habar berdi. 

 

 

Tags