Tähranda Serdar Hodaýýň terror edilmegine Hytaýyň reaksiýasy
Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Tähranda Siriýada mukaddes mekanlary goraýan Ynkylap goragçylaryndan bolýan Hasan Saýad Hodaýýň terror edilmegini ýazgardy.
Pekinden IRIB habar gullugynyň habaryna görä; Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Wan Wenbin düýn agşam (çarşenbe güni agşam) Saýad Hodaýýň janyna kast edilmegine jogap edip Hytaý islendik terror edilmegine garşy çykýar we Eýranyň milli howpsuzlygyny we durnuklylygyny goramak ugrundaky tagallalaryny goldaýar diýdi.
Ýekşenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň duşmanlary Tähranda Siriýada mukaddes mekanlary goraýanlardan biri bolan Hasan Saýad Hodaýýni 5 ok atyp,şehit etdiler.
Nýu-York Taýms gazetiniň hasabaty boýunça sionist režimiň Aňtaw gullugynyň işgäri Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna şehit "Saýad Hodaýýň" terror edilmeginiň bu režimiň işidigini habar berndir.