Hytaý: Amerika dünýä tertibini bozýan çeşmesidir
Hytaýyň daşary işler ministri Amerikany dünýädäki bidüzgünçiliklerde günäkärledi.
Şinhua habar gullugynyň habaryna görä; Hytaýyň Daşary işler ministri Wang i ABŞ-nyň häzirki dünýä tertibini pese gaçyrýan we halkara gatnaşyklarynda demokratiýa ýörelgeleriniň öňüni alýan tolgunyşyklaryň çeşmesine öwrülendigini aýtdy.
Aslynda Wang i bu sözleri ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň Hytaýy halkara tertibine uzak möhletleýin kynçylyk hökmünde häsiýetlendirýän çykyşyna jogap hökmünde aýtdy.
Hytaýyň Daşary işler ministri sözüniň dowamynda ABŞ-nyň dünýä we Hytaýa bolan garaýşy barada köp ýalňyş pikirleriň bardygyny aýtdy.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary elmydama Hytaýyň dünýädäki ykdysady we harby ösüşiniň öňüni almaga synanyşdy, emma şu wagta çenli başa barmady.