Hytaý ABŞ-nyň Siriýanyň halkynyň baýlygyny talamagy barada duýduryş berdi
Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Siriýanyň halkynyň baýlyklaryny we çeşmelerini aç-açan talaýandygyny aýtdy.
Amerikaly terroristler hakyna tutulanlar bilen birlikde Siriýanyň gündogar we demirgazyk-gündogarynda uly bölekleri basyp alandyrlar. Bu sebitlerde Siriýanyň nebit baýlyklarynyň köpüsi bar.
Siriýanyň resmi habarlar gullugynyň (SANA) habar bermegine görä, Žao Li Jian anna güni metbugat ýygnagynda ABŞ-nyň goşunynyň Siriýadaky hereketlerini ýazgarmak bilen ABŞ we onuň ýaranlarynyň Siriýa garşy zorlykly hereketleri bilen bir hatarda Waşingtonyň Siriýanyň halkynyň baýlyklaryny we çeşmelerini aç-açan talaýandygyny aýtdy.
Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary ABŞ-nyň Siriýanyň nebitini ogurlamakdaky hereketleri barada soralanda: ABŞ hökümeti Siriýanyň milli baýlyklaryny talaýar we Siriýadaky halkyň baýlygyny aç-açan basyp alýar, bu bolsa bu ýurtdaky gumanitar krizisi güýçlendirýär diýdi.
Žao Li Jian sözüniň dowamynda Siriýanyň halky ABŞ-nyň tarapyndan bu ýurduň baýlygynyň talanmagyndan we Waşingtonyň zulumly ykdysady sanksiýalardan ejir çekýändigini aýtdy.
Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, 2016-njy we 2019-njy ýyllar aralygynda DAEŞ terrorçy toparyna garşy göreşmek bahanasy bilen bu ýurda harby interwensiýa wagtynda on müňlerçe siriýaly raýaty öldürmek ýaly ABŞ goşunlarynyň Siriýada eden jenaýatlaryna yşarat edip ABŞ-nyň Rakka şäherine guran harby hüjüminde 1600-den gowrak raýat öldi diýdi.