Rus resmi: "Talibanyň wagtlaýyn hökümedini ykrar etmek ähtimallygymyz bar" diýdi
Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Zamir Kabulow, Owganystanda Talibanyň wagtlaýyn hökümedini ykrar etmek ähtimallyklarynyň bardygyny habar berdi
Wladimir Putiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Zamir Kabulow, Owganystanda Talibanyň wagtlaýyn hökümedini ykrar etmek ähtimallyklarynyň bardygyny habar berdi.
Russiýanyň döwlet telewideniýe kanaly Perwyý kanala beýanat beren Zamir Kabulow, Talibanyň wagtlaýyn hökümediniň Söwda ministri Nurettin Aziziniň paýtagt Moskwa şäherine sapar gurajakdygyny mälim etdi.
Owganystanyň Russiýadan käbir önümleri almak isleýändigini aýdan Zamir Kabulow, Putiniň şol ýurda galla önümlerini bermäge rugsat berendigini beýan etdi.
Talibanyň wagtlaýyn hökümediniň Russiýa tarapyndan ykrar edilmek ähtimallygynyň hem üstünde durup geçen Kabulow: "Şolar ýaly ähtimallyk bar. Onuň şertleri hem Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin hem-de Daşary işler ministri Sergeý Lawrow tarapyndan kesgitlendi. Şol ugurda ediljek ilkinji ädim hemmetaraplaýyn, täsirli syýasy hökümediň emele getirilmegidir. Owgan hyzmatdaşlarymyza ony açyk ýagdaýda aýdýarys. Şol amala aşyrylan mahaly, çynlakaý gepleşikleriň öňi açylar" diýip belledi.
Zamir Kabulow Russiýanyň Talibanyň wagtlaýyn hökümedini ykrar etmek babatynda ABŞ-nyň we beýleki käbir ýurtlaryň ýollaryndan ýöremejekdiklerini aýdyp: "Taliban biz bilen hyzmatdaşlyk etmekde we kabul edilen halkara düzgünlere görä işleşmekde islegli. Olar Russiýanyň Owganystan boýunça esasy aladalaryna göz ýetirýärler. Şol aladalar halkara terror we neşe maddalarynyň önümçiligidir" diýip nygtady.
Talibanyň Orta Aziýa ýurtlary üçin howp emele getirmeýändigini aýdan Kabulow: "Taliban Owganystandan gaçan ähli Günbatar döwletleriň tersine diňe Russiýa üçin däl, eýsem başga ýurtlar üçin hem duşman bolan terror guramasy DAIŞ-e garşy hakykatdan hem söweşýär" diýip habar berdi.
"Talyban" hökümeti, Owganystanda giňişleýin hökümetiň gurmagyna, demokratiýa hormat goýmakda, şahsy we jemgyýetçilik hukuklara we azatlyklaryna hormat goýmakda halkara jemgiýetiň isleglerine jogap bermelidir. Talyban bu islegleri berjaý etmäni,indi Owganystanyň goňşularyna umyt baglaýar we olaryň Talybany resmiýete tanamaklaryny talap etýär.