Hytaýyň NATO-nyň täze strategiýasyna reaksiýasy
Pekin Demirgazyk Atlantik Şertnamasy Guramasynyň (NATO) täze strategiki resminamany tankytlady we ony dünýädäki parahatçylyga we durnuklylyga yzygiderli kynçylyk diýip atlandyrýar.
Demirgazyk Atlantik Şertnamasy Guramasynyň (NATO) ýolbaşçylary çarşenbe güni Madridde geçirilen ýygnakda täze strategiki düşünje barada ylalaşdylar. Ylalaşyk gazanylandan soň, NATO ilkinji gezek Hytaýa ýüzlendi we ony dünýä tertibini bozmak ugurda tagalla etmeklige aýyplady. Şeýle hem Russiýa, NATO agza ýurtlaryň howpsuzlygyna iň möhüm we göni howp hökmünde kesgitlenildi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Žao Lijian penşenbe güni NATO-nyň bu ýurt üçin täze strategiki düşünjesiniň çykarylmagyna jogap hökmünde NATO-nyň dünýä parahatçylygy we durnuklylygy üçin yzygiderli kynçylykdygyny aýtdy.
Lijian, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýolbaşçylygyndaky NATO-nyň özüni goranyş güýji diýip atlandyrsa-da, tutuş dünýäde dartgynlylyk we söweş döretmäge synanyşýandygyny we hakykatda dünýä halkynyň ganyny dökendigini aýtdy.
Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary NATO-ny garşydaş ýurtlara garşy Sowuk Uruş ideologiýasyna eýermekde we Pekine garşy esassyz sözleri ulaltmakda aýyplap bu guramany Hytaý hökümetini öjükdirýän tankytlaryny bes etmäge çagyrdy.