ABŞ-nyň ýadro meselesindäki çykyşy boýunça Hytaýyň pozisiýasy
(last modified Fri, 01 Jul 2022 08:15:34 GMT )
Jul 01, 2022 13:15 Asia/Ashgabat
  • ABŞ-nyň ýadro meselesindäki çykyşy boýunça Hytaýyň pozisiýasy

Hytaýyň Daşary işler ministrligi Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny Eýran we ýadro şertnamasy bilen baglanşykly ýalňyşlyklarynyň öwezini dolmaga çagyrdy.

ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Trump 2018-nji ýylda Eýran bilen bäş ýurduň arasyndaky ýadro şertnamasyndan çekilip, Tährana garşy bikanun sanksiýalar girizdi. Günbataryň jogapkärçiliksizligne garamazdan, Eýran ýadro şertnamasyny janlandyrmak üçin gepleşiklere täzeden başlady. ýöne bu tendensiýa henizem ABŞ-nyň iş bozarlyklary bilen ýüzbe-ýüzdir.

Sputnik habar gullugynyň habaryna görä, Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Žao Lijian şu gün ýadro şertnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň halkara jemgyýetçiliginiň umumy bähbitlerine hyzmat edýändigini aýtmak bilen ýadro şertnamasy bilen baglanyşykly meseleleriň sebäbi hökmünde ABŞ, Eýran we ýadro şertnamasyndaky ýalňyşlyklaryň öwezini dolmalydyr diýdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Rosemary DiKarlo hem düýn Howpsuzlyk Geňeşiniň döwürleýin ýygnagynda 2231-nji karary we ýadro şertnamasyny ýerine ýetirmek ugurda eden çykyşynda Amerikany ýadro şertnamasyna gaýdyp gelmäge we Eýrana garşy sanksiýalary ýatyrmaga çagyrdy.

Tags