NATO-nyň gündogar ganatyndaky esgerleriniň sany 10 müňe ýetdi
(last modified Sun, 03 Jul 2022 19:42:35 GMT )
Jul 04, 2022 00:42 Asia/Ashgabat
  • NATO-nyň gündogar ganatyndaky esgerleriniň sany 10 müňe ýetdi

Russiýanyň Ukraina hüjüm guramagyndan soň NATO-nyň gündogar ganatyndaky söweşjeň harby birikmelerindäki esgerleriniň sany 2 esse artyp, 10 müňe ýetdi

 

NATO gündogar ganatyndaky esgerleriň sany bilen bagly maglumatlary paýlaşdy. 

Şoňa laýyklykda Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başlatmagyndan soň sany 4-den 8-e ýetirilen köp milletli söweşjeň toparlarynda 9 müň 641 esger bar. Şol san ozal bolsa 4 müň esger töwerekdi. 

Gündogar ganatdaky söweşjeň toparlar söweşden ozal Latwiýa, Litwa, Estoniýa we Polşa döwletlerinde bardy. Hüjümiň başlamagyndan soň Bolgariýa, Wengriýa, Rumyniýa we Slowakiýa ýaly döwletlere hem ýerleşdirildi. 

Söweşe taýarlykly goýulan köp milletli harby birikmelere NATO agza 25 ýurt goşant goşýar. Iň köp esger üpjün eden Germaniýanyň 1315 esgeri Litwada we Slowakiýada ýerleşýär. 

Ondan soň gelýän ABŞ-nyň Polşada, Bolgariýada, Wengriýada we Rumyniýada 1165 esgeri, Beýik Britaniýanyň bolsa Estoniýada we Polşada 1122 esgeri bar. 

 Russiýanyň Ukraina hüjümi, NATO-nyň Sowuk söweşden soň duçar bolan iň agyr garşylyklaryndan biri. Goranyş alýansy hökmünde 2-nji Jahan urşundan soň Soweýt Soýuzyndan abanjak howpa garşy Ýewropanyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin döredilen NATO, Russiýanyň Ukrainany basyp alma synanşygy sebäpli uzak möhletli strategiýasyny gaýtadan seljermeli boldy. Şol strategiýanyň goranyşamy ýa-da agressiwligemi esaslanmalydygy meselesinde kelleler dury däl ýaly görünýär.

NATO-nyň kynçylyklarynyň biri ,agza ýurtlarynyň goranyş ukyplarynyň güýçlendirilmegi ugrundaky tagalladyr.Bu meselede uzak möhletden bäri alynyp barylýan syýasat bar hem bolsa, Russiýanyň hüjümi onuň depginini güýçlendirdi. Agza ýurtlaryň arasynda ýaraglanma iň az maýa goýýanlardan biri bolan Germaniýanyň hem 100 milliard ýewrolyk harby maksatnamany başlatmagy, gelejekde Ýewropada ýaraglanmanyň depginini güýçlendirjek dinamikany emele getirdi. NATO hem ähli agzalaryna goranyş mümkinçiliklerini artyrjak bilelikdäki maksatnamalary ýaýbaňlandyrmaly bolar. Emma NATO agza ýurtlaryň arasynda dowam edýän bäsleşik bu meselede kynçylyk döredip biler.

 

Tags