Ukraina Gallasynyň eksport edilmegi Hakynda
Russiýanyň Prezidentiniň Diwanynyň Metbugat Sekretary Dmitriý Peskow Moskwada žurnalistlere beýanat berdi.
Dmitriý Peskow Russiýanyň Odessa portunda diňe bir harby infrastruktura hüjüm edýändigini nygtap; “Hüjümleriň gallanyň daşalmagy hakyndaky ylalaşygy iş ýüzüne geçirmek üçin ulanylýan infrastruktura bilen arabaglanşygy ýok. Ol, gallanyň daşalmaga başlanmagyna päsgel bermez we bermeli däl” diýdi.
Peskow Moskwada žurnalistlere Prezident R.T.Erdoganyň hemaýat bermeginde anna güni Türkiýäniň, Russiýanyň, Ukrainanyň we BMG-niň arasynda “Galla we azyk önümleriniň Ukrainanyň portlaryndan howpsuz çykarylmagy hakyndaky ylalaşygyň” gol çekilmegi hakynda beýannama berdi.
Gallanyň dalaşmağy hakyndaky ylalaşyklaryň gazanylmagy üçin iňňän ýokary derejeli işiň alynyp barylandygyny beýan eden Peskow; “Emma bu ylalaşyklara görä döredilen mehanizmleriň işleýişi hakynda garaýyş beýan etmek üçin wagt gerek” diýdi.
BMG-niň rus galla we dökün öndürijilerine goýulan aýlawly çäklendirmler boýunça hem öz borjuny berjaý etmelidigine ünsi çeken Dmitriý Peskow; “Gönüden çäklendirmeler ýok, emma halkara bazarlar, esasanda açlygyň agyrlaşmaga başlan ýerleri üçin iňňän möhüm bolan gallanyň daşalmagynyň doly amala aşyrylmagyna päsgel berýän aýlawly çäklendirmeler bar. Bu iňňän möhüm” diýdi.
Bu şertnama dünýädäki azyk krizisini çözmek üçin ilkinji ädim boljakdyr. Russiýa bilen Ukrainanyň bugdaý, mekgejöwen we iýilýän ýag ýaly strategiki azyk önümleri bilen üpjün edilmeginde möhüm rol oýnaýandygyny göz öňünde tutsak, bu şertnama ýeňilleşdirmäge ýol açyp biler. bu önümleriň Gara deňizdäki ukrain portlarynyň üsti bilen we ol ýerden Ortaýer deňzine we dünýäniň beýleki ýerlerine eksportyň täzeden başlamagydyr. 2021-nji ýylyň fewral aýynyň ahyrynda Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda uruş başlandan soň, Mariýopol porty ýaly Ukrainanyň kenarýaka sebitlerinde ýüze çykan konfliktler we demirgazyk kenarlarynda iki tarapyň arasyndaky harby dartgynlyk sebäpli, Gara deňizden azyk önümleriň Ukrainanyň üsti bilen eksport etmek mümkinçiligi nola ýetipdi. Mundan başga-da, Günbataryň Russiýa garşy dürli ýollar bilen girizen giň sanksiýalary bu strategiki önümleriň bu ýurtdan eksportyny. 50-den gowrak ýurt bugdaýy üçin Russiýa we Ukraina garaşlydyr. Bugdaýyň ýetmezçiligi ýa-da bahasynyň ýokarlanmagy çörek, makaron we galla ýaly möhüm iýmitlere täsirini aňladýar.