Täjigistanda Korona garşy derman öndürildi
Jul 31, 2022 15:22 Asia/Ashgabat
Täjigistanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň başlygy bu ýurduň alymlarynyň korona wirusyna garşy göreşmek üçin derman öndürendigini habar berdi.
Fars habar gullugynyň habaryna görä Täjigistanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň başlygy "Farhad Rahimi" metbugat ýygnagynda: Täjigistanly alymlar pandemiýa wirusyna garşy göreşmek üçin derman taýýarladylar, jikme-jiklikleri patent alandan soň köpçülige aýan ediler diýdi.
"Farhad Rahimi" sözüniň dowamynda: Häzirki wagtda bu dermanyň düzüminde bedeniň gyzgynlygyny peseldýän we öýkeniň bejergisini ýeňilleşdirýän "mekgejöweniň" ösümligini öz içine alýandygyny aýdyp bileris diýdi.