Taýwan adasynyň töwereginde Hytaýyň güýç görkezmesi
(last modified Sun, 11 Sep 2022 11:00:59 GMT )
Sep 11, 2022 16:00 Asia/Ashgabat
  • Taýwan adasynyň töwereginde Hytaýyň güýç görkezmesi

Hytaýyň Taýwan adasynyň töwereginde güýç görkezmesi ABŞ-nyň Wekiller parlamentiniň başlygynyň bu ada dahylçylykly saparynyň netijeleriniň biri hökmünde dowam edýär.

ABŞ-nyň Wekiller parlamentiniň başlygy Nensi Pelosiniň Taýwana (2-nji awgust) çekeleşikli we interwensiýa saparyndan soň Hytaý bilen Taýwanyň, şeýle hem Amerikanyň arasyndaky dartgynlyk artdy. Pelosi, Pekiniň resmileriniň garşylyklaryna we duýduryşlaryna garamazdan, Taýwana jedelli saparyny amala aşyrdy, bu Hytaý resmileriniň aýtmagyna görä ABŞ-nyň Pekin bilen baglaşylan şertnama laýyklykda berjaý etmeli "bir Hytaý" syýasatyny bozýar.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Taýwanyň Goranmak ministrligi öz beýanynda Hytaýyň bu adanyň töwereginde harby işleriniň dowam etdirilýändigini habar berdi.

Ministrlik öz beýanynda şeýle-de şenbe güni 17 hytaý söweş uçarynyň adatça iki tarapyň resmi däl serhedi hasaplanýan Taýwan bogazynyň orta çyzygyndan geçendigini mälim etdi.

ABŞ we günbatar ýaranlarynyň Hytaýyň içerki işlerine gatyşmagynyň dowamynda, fransuz kanun çykaryjylarynyň bir topary hem geçen çarşenbe güni Taýwana sapar etdiler.

Tags