Paşinýan Azerbaýjan-Ermenistan çaknyşyklary barada beýanat berdi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i18770-paşinýan_azerbaýjan_ermenistan_çaknyşyklary_barada_beýanat_berdi
Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan Azerbaýjan bilen başdan geçirilen çaknyşyklarda 49 adamyň ýogalandygyny habar berdi
(last modified 2022-09-14T05:53:22+00:00 )
Sep 14, 2022 10:53 Asia/Ashgabat
  •  Paşinýan Azerbaýjan-Ermenistan çaknyşyklary barada beýanat berdi

Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan Azerbaýjan bilen başdan geçirilen çaknyşyklarda 49 adamyň ýogalandygyny habar berdi

 Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan, Ermenistanyň parlamentinde eden çykyşynda, Azerbaýjan bilen bolan çaknyşyklaryň geriminiň şu gün irden azalandygyny belläp: "Ermenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berilen maglumata görä, häzirki wagta çenli 49 raýatymyz ýogaldy, emma ol görkeziji çürt-kesik däl" diýip mälim etdi. 
Azerbaýjanyň 2020-nji ýylyň noýabr aýynda gazanylan ylalaşygy bilen bagly çemeleşmesine goşulmaýandyklaryny aýdan Paşinýan: "Ermenistan we Azerbaýjan bilen birlikde sebitiň ähli ýurtlarynyň şol ýollary ulanjakdygy baradaky çemeleşme bilen ýollary açmaga taýardyrys" diýip belledi. 
Paşinýan Ermenistanyň Howpsuzlyk geňeşiniň düýn gije ýygnanyp, şu gün irdene çenli geňeşmeler geçirendigini aýan etdi. 
Paşinýan geňeşmeleriň netijesinde Ermenistanyň hökümediniň Kollektiw howpsuzlyk ylalaşygy guramasyna resmi ýagdaýda ýüz tutmak barada karar kabul edendigini beýan etdi. 
Beýleki tarapdan Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen Azerbaýjan-Ermenistan serhedindäki çaknyşyklar barada telefon arkaly söhbetdeş boldy. 
Ermenistanyň Premýer ministrliginden berilen ýazmaça beýanata görä, telefon söhbetdeşliginde Paşinýan serhetdäki ýagdaý bilen bagly aladalaryny Blinkene beýan etdi. 
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken ýagdaýyň has hem dartgynlaşmagynyň kabul edilmesizdigini belledi. 
Blinken ABŞ-nyň ýagdaýy durnuklylaşdyrmak üçin tagalla etmäge taýardygyny nygtady. 
Ermenistanyň hökümetinden berilen beýanatda, Paşinýanyň ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel we Eýranyň Prezidenti Ebrahim Räisi bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, Azerbaýjan-Ermenistan serhedindäki soňky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşandygy bellendi. 
Nikol Paşinýan Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin we Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen hem aýry-aýry telefon arkaly söhbetdeş boldy. 
Ermenistanyň hökümetinden berilen beýanatda Paşinýanyň Putin we Makron bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Azerbaýjan-Ermenistan serhedindäki soňky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşandygy aýan edildi. 
Azerbaýjan-Ermenistan serhedinde iki ýurduň arasyndaky harby birikmeleriň arasynda giň-gerimli çaknyşyklar başlapdy. 
Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi Ermenistanyň goşunynyň düýn agşam serhediň Daşkesen, Kelbejer we Laçyn ugurlarynda giň-gerimli meçew berme hereketler edendigini aýan etdi. Russiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Azerbaýjan-Ermenistan serhediniň belli zolaklarynda ýagdaýyň gysga wagtda dartgynlaşmagynyň alada döredýändigi habar berildi. 
Taraplara Russiýanyň, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň liderleriniň 2020-nji ýylyň noýabr aýynda, 2021-nji ýylyň ýanwar we oktýabr aýlarynda gazanylan Üçtaraplaýyn ylalaşyga laýyklykda ýagdaýyň has hem dartgynlaşmagyndan saklanmaga, sowukganlylyk bilen hereket etmäge we ylalaşygyň düzgünlerini berk ýagdaýda berjaý etmäge çagyrylýan beýanatda, Moskwanyň Baku we Ýerewan bilen ýakyn aragatnaşykdadygyna ünsler çekildi. 
Ermenistanyň hökümediniň ozaldan bar bolan ikitaraplaýyn ylalaşyklara laýyklykda we Kollektiw howpsuzlyk ylalaşyk guramasynyň üsti bilen ýagdaýyň çözülmegine kömek berilmegi baradaky talabynyň alynandygy bellenen beýanatda, 13-nji sentýabrda Moskwa wagty bilen sagat 09:00-dan başlap ylalaşyk babatynda, Russiýanyň araçylygy netijesinde gazanylan ylalaşyklaryň kemçiliksiz berjaý edilmegine garaşylýandygy habar berildi.