Sep 20, 2022 17:09 Asia/Ashgabat
  • Putin: Sanksiýalar garyp we günbatar ýurtlaryna ýaramaz täsir etdi

Russiýanyň prezidenti bu ýurtdaky täze daşary ýurt ilçileriniň öňünde Günbataryň Ukrainadaky söweş bahanasy bilen Russiýa garşy girizen sanksiýalarynyň garyp we günbatar ýurtlaryna ýaramaz täsirini ýetirendigini aýtdy.

"Sputnik" habar gullugynyň habaryna görä, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin şu gün sişenbe bu ýurtdaky täze daşary ýurt ilçileriniň öňünde eden çykyşynda Ukraina söweşi bahanasy bilen Günbatar ýurtlarynyň Russiýa garşy alyp barýan syýasatlary we sanksiýalary garyp ýurtlara zarba urýandyr diýip yglan etdi.

Wladimir Putin şeýle-de Ukrainadaky söweş bahanasy bilen Russiýa garşy sanksiýalar babatynda alyp barýan syýasatlary sebäpli Günbataryň özi hem zarba iýendigini aýtdy.

Russiýanyň prezidenti öz çykyşynda Günbataryň energiýa we däne we dökün daşamak babatynda sanksiýalarynyň döredýän päsgelçilikleriniň ösýän we garyp ýurtlara ýaramaz täsirini ýetirendigini aýtdy.

Ukrainada söweş başlanaly bäri (24-nji fewral) Günbatar ýurtlary Kiýew üçin ähli taraplaýyn syýasy, maliýe we ýarag goldawyny gün tertibine girizdi.

Tags