Oct 07, 2022 15:37 Asia/Ashgabat
  • Demirgazyk Koreýanyň lideri

Demirgazyk Koreýanyň lideri Russiýanyň prezidentine hat iberip, Amerikanyň kynçylyklaryna we howplaryna garşy durýandygyny öwdi.

Demirgazyk Koreýa bilen Russiýa elmydama biri-biri bilen dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek isleýärler.

Demirgazyk Koreýanyň resmi KCNA habar gullugynyň habaryna görä Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un anna güni Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine hat iberip "Häzirki wagtda Russiýa ýurduň mertebesini we esasy bähbitlerini Amerikanyň we gurjak güýçleriniň kynçylyklarynyň we howplarynyň garşysynda berk goraýar. Adatdan daşary ýolbaşçylygyňyz we güýçli erkiňiz bolmasa beýle hakykaty göz öňüne getirip bolmaýar " diýip nygtady.

Demirgazyk Koreýanyň lideri bu hatda Russiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňelmegini nygtamak bilen adaty ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin Phenýan bilen Moskwanyň arasyndaky özara goldaw we hyzmatdaşlyk 2019-njy ýylda Wladiwostok şäherinde geçirilen ilkinji sammitinde gazanylan şertnama esaslanyp hasam güýçlendi diýip yglan etdi.

"Kim Jong Un" Russiýanyň Putiniň ýolbaşçylygynda güýçlenendigini aýtdy.

Tags