Ýewropada korona wirusynyň täze tolkununyň başlanmagy barada duýduryş
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we Ýewropada keselleriň öňüni alyş we gözegçilik merkezi bu yklymda korona wirusynyň täze tolkunynyň başlanjakdygy barada duýduryş berdiler.
Tasnim habar gullugynyň habaryna görä, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa bölüminiň müdiri Hans Kluge we Keselleriň öňüni almak we gözegçilik etmek boýunça Ýewropa merkeziniň müdiri Andrea Amon çarşenbe güni bilelikde beren beýanynda Ýewropada korona wirusy epidemiýasynyň ýene bir tolkunynyň başlan bolmagy ähtimal, sebäbi tutuş kontinentde bu kesele duçar bolýanlaryň sany köpelýär diýip habar berdiler.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň sebit statistikasy Ýewropada korona wirusy ýokaşan adamlaryň sanynyň geçen hepde bilen deňeşdirilende 8% köpelendigini görkezýär.
Ýewropada Fransiýa korona ýokaşan 36 milliondan gowrak adamy hasaba almak bilen, şu wagta çenli bu yklymyň ýurtlarynyň arasynda iň ýokary rekordy goýandyr we şol bir wagtyň özünde, dünýäde korona näsaglarynyň sany taýdan iň köp bolan üçünji ýurtdyr.