Türkiýede käniň partlamasynda 28 adam öldi
Oct 15, 2022 14:34 Asia/Ashgabat
Türkiýedäki kömür käninde bolan partlamada 28 adam öldi.
AFP habar gullugynyň habaryna görä, anna güni agşam Türkiýäniň demirgazygyndaky Bartin welaýatynda ýerleşýän kömür käninde bolan partlamada 28 adam öldi we 11 adam hem ýaralandy.
Häzirki wagtda 44 magdançy 300 metr çuňlukda, bäş magdançy bolsa 350 metr çuňlukda duzaga düşdi we halas edijiler henizem magdançylary halas etmäge synanyşýarlar.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, bu ýurduň Içeri işler ministri Süleýman Soýluny we energiýa we tebigy baýlyklar ministri Fatih Donmuzy heläkçilik bolan ýere iberdi.