Sionist režime Ukraina ýarag ibermek barada Russiýanyň gaty duýduryşy
Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygynyň orunbasary sionist režime Ukraina ýarag ibermek barada duýduryş berdi.
AFP habar gullugynyň habaryna görä, Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew duşenbe güni sionist režim tarapyndan Ukraina ýarag ulgamlarynyň iberilmegi Moskwa bilen Tel Awiwiň arasyndaky gatnaşyklaryň bes edilmegini aňladýandygyny duýdurdy.
Dmitriý Medwedew Telegram kanalyndaky hatynda sionist režimiň ukraina režimine ýarag iberjek bolýana meňzeýär diýip ýazdy.
Russiýa bilen Sionist režimiň arasynda Ukrainadaky söweşi baradaky basyp alyjy režimiň pozisiýasy we hereketleri sebäpli barha artýan dartgynlyga garamazdan, Sionist režimiň bir işgäri geçen ýekşenbe güni Ukraina ýarag ibermegi talap etdi.
Russiýa bilen Sionist režimiň arasyndaky gatnaşyklar Ukrainada söweşi başlandan we sionist režimiň anti-rus pozisiýalaryndan soň garaňkylyga öwrüldi.
Ukrainadaky söweş, giň syýasy, harby, ykdysady, sosial we hatda medeni netijeleri bilen sekizinji aýyny geçirýär we Günbatar ýurtlary bolsa Ukraina ýarag ibermegini dowam etdirýärler.