Russiýanyň Goranmak ministriniň Ukrainanyň öjükdiriji hereketleri barada duýduryşy
Fransiýanyň Goranmak ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Russiýanyň Goranmak ministri Ukrainanyň öjükdiriji hereketlerine duýduryş berdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Russiýanyň Goranmak ministrligi beýannama berip, bu ýurduň Goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň Fransiýanyň Goranmak ministri Sebastien Lekornu bilen telefon arkaly söhbetdeş bolanda Ukrainanyň radioaktiwleri öz içine alýan bombalary ulanmak baradaky öjükdiriji ähtimallygy barada duýduryş berdi.
Ukrainadaky söweş, giň syýasy, harby, ykdysady, sosial we hatda medeni netijeleri bilen sekizinji aýdadyr we Günbatar ýurtlary bolsa Ukraina ýarag ibermegini dowam etdirýärler.
Ýewropa we Günbatar ýurtlary, esasanam ABŞ, Russiýa Federasiýasyna garşy sanksiýalaryň basyşyny güýçlendirýär we Kiýewe her dürli ýeňil we agyr ýaraglary iberýär, şeýlelik bilen diňe Ukrainadaky söweşi bes etmek üçin bir ädim ätmän, eýsem bu ýurtdaky konfliktleriň oduny öňküsinden has köp ýakdylar.