"Halloween" erbet däpdir
https://parstoday.ir/tk/news/world-i19340-halloween_erbet_däpdir
Dubaý polisiýasynyň başlygynyň orunbasary käbir yslam ýurtlary tarapyndan Hallowin baýramynyň geçirilmegini berk tankytlady.
(last modified 2022-11-06T11:29:01+00:00 )
Nov 06, 2022 16:29 Asia/Ashgabat

Dubaý polisiýasynyň başlygynyň orunbasary käbir yslam ýurtlary tarapyndan Hallowin baýramynyň geçirilmegini berk tankytlady.

Russiýa Alyoum web sahypasynyň ýekşenbe güni beren habaryna görä, Dubaý polisiýasynyň başlygynyň orunbasary "Zahi Halfan", Halloween baýramçylygyny musulmanlar tarapyndan geçirmegiň yslam we arap ýörelgelerini sorag astyna alýan ahlak betbagtlygydygyny aýtmak bilen şeýle dabaralar, hiç hili standartdan ýokary bolmadyk şeýtanlyk baýramçylygydyr diýdi.

Halfan şeýle-de gymmatlyklara we ahlaga edilýän bu agyr hüjümiň kölegesinde hüşgär bolmalydygymyzy we ýagşylyga çagyrmak we ýamanlykdan gaçyrmak esasynda bozgunçylaryň ondan geçip bolmajak diwari döretmelidigini aýtdy.

Dubaý polisiýasynyň başlygynyň orunbasary sözüniň dowamynda, Medeniýetli diýýän Günbatar ýurtlara aldanmaň, olar ýuwaş-ýuwaşdan ölip barýarlar diýdi.

Aýtmak ýerli yakynda Saud Arabystanyň häkimiýetleri bu ýurtda Günbataryň doly dabarasy bolan Halloween baýramyny geçirdiler bu waka Saud Arabystanynyň içinde we käbir beýleki yslam ýurtlarynda berk tankytlandy.