Russiýa Ukraina Bilen Gepleşikleri “Bar Bolan Şertlere Laýyklykda” Dowam Etdirmäge Taýýar
https://parstoday.ir/tk/news/world-i19404-russiýa_ukraina_bilen_gepleşikleri_bar_bolan_Şertlere_laýyklykda_dowam_etdirmäge_taýýar
Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Mariýa Zaharowa paýtagt Moskwada onlaýn formatda geçiren hepdelik metbugat ýygnagynda gün tertibinin ileri tutulýan uğurlary boýunça beýannama berdi.
(last modified 2022-11-12T13:33:08+00:00 )
Nov 12, 2022 18:33 Asia/Ashgabat
  •  Russiýa Ukraina Bilen Gepleşikleri “Bar Bolan Şertlere Laýyklykda” Dowam Etdirmäge Taýýar

Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Mariýa Zaharowa paýtagt Moskwada onlaýn formatda geçiren hepdelik metbugat ýygnagynda gün tertibinin ileri tutulýan uğurlary boýunça beýannama berdi.

Germaniýanyň “Russiýanyň Ukraina bilen gepleşikleri alyp barmaga taýýar däldigi” barasynda beren beýanaty hakynda garaýyş beýan eden Mariýa Zaharowa, bu meseledäki pozisiýalarynyň üýtgewsizdigini  aýtdy.

“Gepleşiklerden asla el çekmedik. Elbetde biz gepleşikleri häzirki wagtda bar bolan hakykatlara laýyklykda alyp barmaga taýýar” diýdi.

Germaniýanyň Ukraina ýarag bermäge dowam edýändigine ünsi çeken Zaharowa; “Nemes tarapy resmi Kiýewi ugrukdyrmagyň ýerine ýaraglaryň çaknyşyk zolaklaryna eksportuny gadagan edýän öz kanunlaryna garşy resmi Kiýewe dürli ýarag ulgamlaryny bermäge dowam edýär” diýdi.

ABŞ-nyň “Demirgazyk Koreýanyň Russiýa Ukrainada ulanmak üçin ýarag ugradandygy” hakyndaky beýanaty boýunça hem beýanat beren Zaharowa; “Şol günäkärlemeleriň anyk sebäbi görkezilmedi we görkezilibem bilimez. Sebäbi Amerkan resmileri tarapyndan berilen beýanatlar başdan aýaga ýalandyr” diýdi.

Zaharowa “ABŞ-nyň Demirgazyk Koreýa sanksiýa goýmak üçin bahana gözleýäňdigini” öňe sürdi.

Ýene bir habara görä NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, NATO-nyň döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahatynyň 2023-nji ýylyň iýul aýynyň 11-12-i aralygynda Litwanyň paýtagty Wilnýusda geçiriljekdigini mälim etdi.

Ýens Stoltenberg beýannamasynda, Sowuk söweş döwründen bäri NATO-nyň iň çylşyrymly we ynjyk döwrü başdan geçirýändigini nygtady.

Litwada geçiriljek maslahatyň, NATO agza ýurtlaryň liderleri üçin goranyş we ýüz öwürdijilik taýdan täze pursatlar hödürlejekdigini ýatladan Stoltenberg, goranyş çykdajylarynyň artdyrylmagy we Ukraina berilýän goldawyň dowam etdirilmegi ýaly meseleleriň hem ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.

Stoltenberg, Demirgazyk Amerika bilen Ýewropanyň arasyndaky arabaglanşygyň NATO agza ýurtlarda ýaşaýan 1 milliard adam üçin diýseň möhümdigini belledi.

NATO agza ýurtlaryň liderler maslahaty soňky gezek iýun aýynyň 28-30-y aralygydna İspaniýanyň paýtagty Marditde geçirlipdi.