Russiýa dünýä bazaryna azyk üpjünçiligini güýçlendirmegi nygtaýar
https://parstoday.ir/tk/news/world-i19412-russiýa_dünýä_bazaryna_azyk_üpjünçiligini_güýçlendirmegi_nygtaýar
Russiýanyň prezidentiniň metbugat sekretary, Moskwanyň dünýä bazarlaryna azyk üpjünçiligini güýçlendirmek meselesine ünsi çekýändigini aýtdy.
(last modified 2022-11-14T13:26:26+00:00 )
Nov 14, 2022 18:26 Asia/Ashgabat
  • Russiýa dünýä bazaryna azyk üpjünçiligini güýçlendirmegi nygtaýar

Russiýanyň prezidentiniň metbugat sekretary, Moskwanyň dünýä bazarlaryna azyk üpjünçiligini güýçlendirmek meselesine ünsi çekýändigini aýtdy.

TASS habar gullugynyň habaryna görä, Russiýanyň prezidentiniň metbugat sekretary Dimitri Peskow şu gün duşenbe ýaňky matlaby aýdyp şeýle hem, Angliýanyň premýer-ministri Rişi Sonagyň Russiýanyň dünýä bazaryna azyk üpjünçiliginiň öňüde böwet döretmek baradaky toslamasyny ret etmek bilen bu aýyplama düýbünden ýalan, sebäbi Russiýa dünýä bazarlaryna azyk üpjünçiligini güýçlendirmegi isleýär diýdi.

Russiýanyň prezidentiniň metbugat sekretary şeýle hem global eksportyň uly mukdarynyň Russiýa ýa-da Ukraina bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny aýtdy.