Russiýa: Ukraina tussaglary rehimsizlik bilen öldürýär
Russiýanyň Goranmak ministrligi rus ýesirleriniň ukrain esgerleri tarapyndan rehimsizlik bilen öldürilendigini habar berdi.
Ýaş žurnalistler klubynyň habaryna görä, Russiýanyň Goranmak ministrligi rus ýesirleriniň ukrain esgerleri tarapyndan öldürilmegini ýazgardy we muny söweş jenaýaty diýip atlandyrdy.
Russiýanyň Daşary işler ministrligi hem öz beýanynda halkara guramalaryndan ukrain tarapynyň rus tussaglaryna garşy eden rehimsiz we adamkärçiliksiz jenaýatyny ýazgarmagyny we bu ugurda giňişleýin derňewleri geçirmegini talap edýändigini aýtdy.
Ondan öň Russiýanyň Goranmak ministrligi geçen anna güni 10-dan gowrak rus ýesiriniň Ukraina tarapyndan jezalandyrylandygyny yglan etdi we Kiýewi söweş jenaýatlarynda günäkärledi, Moskwanyň habar bermegine görä, Günbatar muňa ähmiýet bermedi.
Bu habary yglan etmek üçin bu ministrlik sosial ulgamlarda rus söweş ýesirleriniň jezalandyrylyşyny görkezýän wideo salgylandy.
Bu bir ýagdaýdadyr welin, mundan ozal Ukraina Russiýany uruş jenaýatlarynda aýyplandyr, ýöne bu aýyplama Moskwa tarapyndan ret edilendir.