Ukraina bilen Russiýanyň arasynda ýesir çalşygy boldy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i19516-ukraina_bilen_russiýanyň_arasynda_ýesir_çalşygy_boldy
Ukraina bilen Russiýanyň arasynda amala aşyrylan ýesir çalşygynda her tarapdan 50 esger azat edildi
(last modified 2022-11-25T11:37:13+00:00 )
Nov 25, 2022 16:37 Asia/Ashgabat
  • Ukraina bilen Russiýanyň arasynda ýesir çalşygy boldy

Ukraina bilen Russiýanyň arasynda amala aşyrylan ýesir çalşygynda her tarapdan 50 esger azat edildi

Ukrainanyň Döwlet baştutanynyň ofisiniň başlygy Andriý Ýermak Telegram hasabyndan beren beýanatynda, Russiýa bilen amala aşyrylan ýesir çalşygynda azat edilenleriň arasynda Ukrainanyň Mariupol şäherindäki Azowstal fabriginde, Çernobyl atom bekedinde we Ýylan adasynda söweşen mahaly ýesir alynan esgerleriň bardygyny habar berdi. 

Ýermak: "Şu gün 2-si ofiser bolan ukrainaly jemi 50 esgeri ruslaryň ýesirliginden azat etmegiň hötdesinden geldik. Şolaryň 20-si Milli Gwardiýadan, 12-si Harby-deňiz güýçlerinden, 10-y Ukrainanyň Ýaragly güýçlerinden, 6-sy Döwlet serhet goragçylaryndan we 2-si meýletin esgerlerden ybarat" diýip mälim etdi. 

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä, Ukraina tarapy bilen geçirilen gepleşikleriň netijesinde 50 rus esger azat edildi. 

Esgerlere gerek bolan lukmançylyk we psihologiki goldawyň berilendigi bellenen şol adamlaryň, ministrlige degişli uçarlar bilen paýtagt Moskwa getiriljekdigi aýan edildi. 

Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda düýn amala aşyrylan ýesir çalşygynda bolsa 35 rus esger bilen 1-i asuda ilatdan 35-i esger bolan jemi 36 ukrainaly raýat azat edilipdi. 

 

Aýtmak ýerli Günbatar Ukrainany ýaraglar taýdan güýçli hemaýat etýär.bu ugurda, Beýik Britaniýanyň Goranmak ministri Ben Uolles Norwegiýa guran saparynda, harby kömegiň bir bölegi hökmünde ýurdunyň Ukraina dikuçar ugratjakdygyny habar berdi. 

Mundan başgada Ukrainanyň Russiýa garşy özüni goramak üçin goşmaça häsýetde 1000 top okunyň ugradyljakdygyny aýdan Uolles: "Ukraina berýän goldawymyz egsilmez. Şol goşmaça top oklary Ukrainanyň soňky hepdelerde Russiýadan yzyna alan topraklaryny howpsuzlyk astyna almagyna kömek berer" diýip belledi. 

Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, top oklarynyň Ukrainanyň goranyş ukybyny artdyrjakdygy, möhüm saplaýyş we halas ediş mümkinçiliklerini berkitmek üçin Sea King kysymly dikuçarlarynyň ilkinji tapgyrynyň Ukraina barmagy bilen ýola goýuljakdygy beýan edildi. 

Beýik Britaniýanyň Ukraina berjek täze goldaw bukjasy Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Rişi Sunakyň geçen hepdäniň ahyrynda paýtagt Kiýewe guran saparynda Ukraina 50 million sterling möçberinde goldawyň beriljekdigini aýtmagyndan soň yglan edildi. 

Beýik Britaniýanyň mediýasynda berilen habarlarda Ukraina 3 sany Sea King kysymly dikuçaryň beriljekdigi, olaryň biriniň häzirki wagtda Ukrainadadygy aýan edild