Russiýa: Owganystandaky diplomatik wekilhanalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek zerurdyr
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Pakistanyň Kabuldaky ilçihanasyna edilen soňky hüjüme ünsi çekip, Owganystandaky diplomatik wekilhanalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin has köp tagalla edilmelidigini aýtdy.
Tasnim habar gullugynyň habaryna görä, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa 2-nji dekabrda Pakistanyň Kabuldaky ilçihanasyna edilen hüjümi ýazgarmak bilen bu waka, Russiýanyň ilçihanasyna sentýabr aýynda amala aşyrylan janyndan geçen hüjüm ýaly, Owganystanda terror howpuna garşy göreşmek we bu ýurtda işleýän diplomatik wekilhanalar üçin has ýokary howpsuzlyk derejesini döretmek üçin zerur tagallalaryň gerkdigini görkezýär diýdi.
Mariýa Zaharowa Russiýanyň hökümetiniň owgan häkimiýetleriniň bu jenaýat barada düýpli derňew geçirmegini we bu terrorçylyk hereketini guranlary we günäkärleri tapmagyny we jezalandyrylmagyny isleýändigini aýtdy.
2-nji dekabr, anna güni näbelli ýaragly adamlar Pakistanyň Kabuldaky (Owganystanyň paýtagty) ilçihanasyna ot açdylar, netijede diplomatik merkeziň goragçysynyň birisi ýaralandy.
Pakistanyň ilçihanasyna edilen hüjümiň jogapkärçiligini DAEŞ terror topary öz üstüne aldy.