Makron Bilen Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Makron ýurdunyň Ukraina berýän goldawyny dowam etdirjekdigini we Ukrainanyň 10 maddalyk parahatçylyk teklibine goldaw berýändigini nygtady.
Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Fransiýa tarapyndan berlen beýannama görä, Makron telefon söhbetdeşliginde ýurdunyň Ukraina berýän goldawyny dowam etdirjekdigini we Ukrainanyň 10 maddalyk parahatçylyk teklibine kanagatlanma bildirendigini we goldaw berýändigini nygtady.
Makron bilen Zelenskiý telefon söhbetdeşliginde şeýle hem Parižde ertir geçiriljek Ukraina goldaw konferensiýasy üçin görülýän taýarlyklar hakynda pikir alyşdy.
Şeýle-de Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň Ukrainadaky harby güýçlerini täze ýylda yzyna çekmegi üçin çagyryş berdi.
Zelenskiý, Germaniýanyň döwürleýin ýolbaşçylygynda G-7-ä agza ýurtlaryň liderleriniň gatnaşmagynda wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly geçirlen maslahata gatnaşdy.
Russiýanyň ýurduna garşy guraýan hüjümleriniň birnäçe aýdan bäri dowam edýändigini nygtan Zelenskiý, Ukraina harby, sosial we maliýe taýdan berýän goldawlary üçin G-7-ä agza ýurtlara minnetdarlyk bildirdi.
Zelenskiý, söweşiň dowam edýändigi sebäpli Ukraina berilýän kömekleriň dowam etmegini isledi.
Russiýanyň Ukraina görä has köp raketa we topçu ulgamyna eýedigine ünsi çeken Zelenskiý, ýurduna berilýän ýarag kömeginiň artdyrylmalydygyny ýatlatdy.
Rus goşunynyň Ukrainyň infstrukturasyny nyşana almak bilen diňr Ukrainany däl eýsem Ýewropa ýurtlarynda hem energetika ýetmezçiliginiň ýüze çykmagyny isleýändigini aýdan Zelenskiý “Size tebigy gaz meselesinde Ukraina berilýän kömekleriň artdyrylmagy üçin çagyryş berýärin” diýdi.
Zelenskiý, ýurdunyň parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin beren teklibi meselesinde halkara derejesinde maslahatyň geçirilmelidigine ünsi çekdi.
Emma ,Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, rus esgerleriniň üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli Ukrainadan çekilmejekdigini aýtdy.
Peskow, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýniň, Russiýanyň Ukrainadaky esgerlerini täze ýyla çenli yzyna çekmek barada beren çagyryşy hakynda durup geçdi.
Russiýanyň Ukrainadan täze ýyla çenli çekilmejekdigine ünsi çeken Peskow “Bu mümkin däl” diýdi.
Peskow, parahatçylyk gepleşikleri üçin Ukrainanyň “hakykatlary” kabul etmelidigini belledi.