Ukrainanyň uruşynyň wakalry
https://parstoday.ir/tk/news/world-i19760-ukrainanyň_uruşynyň_wakalry
Peskow, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýniň, Russiýanyň Ukrainadaky esgerlerini täze ýyla çenli yzyna çekmek barada beren çagyryşy hakynda durup geçdi.
(last modified 2022-12-14T16:05:56+00:00 )
Dec 14, 2022 21:05 Asia/Ashgabat
  • Ukrainanyň uruşynyň wakalry

Peskow, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýniň, Russiýanyň Ukrainadaky esgerlerini täze ýyla çenli yzyna çekmek barada beren çagyryşy hakynda durup geçdi.

Russiýanyň Ukrainadan täze ýyla çenli çekilmejekdigine ünsi çeken Peskow “Bu mümkin däl” diýdi.

Peskow, parahatçylyk gepleşikleri üçin Ukrainanyň “hakykatlary” kabul etmelidigini belledi.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň Ukrainadaky harby güýçlerini täze ýylda yzyna çekmegi üçin çagyryş berdi.

Zelenskiý, Germaniýanyň döwürleýin ýolbaşçylygynda G-7-ä agza ýurtlaryň liderleriniň gatnaşmagynda wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly geçirlen maslahata gatnaşdy.

Russiýanyň ýurduna garşy guraýan hüjümleriniň birnäçe aýdan bäri dowam edýändigini nygtan Zelenskiý, Ukraina harby, sosial we maliýe taýdan berýän goldawlary üçin G-7-ä agza ýurtlara minnetdarlyk bildirdi.

Zelenskiý, söweşiň dowam edýändigi sebäpli Ukraina berilýän kömekleriň dowam etmegini isledi.

Russiýanyň Ukraina görä has köp raketa we topçu ulgamyna eýedigine ünsi çeken Zelenskiý, ýurduna berilýän ýarag kömeginiň artdyrylmalydygyny ýatlatdy.

Rus goşunynyň Ukrainyň infstrukturasyny nyşana almak bilen diňr Ukrainany däl eýsem Ýewropa ýurtlarynda hem energetika ýetmezçiliginiň ýüze çykmagyny isleýändigini aýdan Zelenskiý “Size tebigy gaz meselesinde Ukraina berilýän kömekleriň artdyrylmagy üçin çagyryş berýärin” diýdi.

Zelenskiý, ýurdunyň parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin beren teklibi meselesinde halkara derejesinde maslahatyň geçirilmelidigine ünsi çekdi.

ABŞ-dan, Kanadadan, Germaniýadan, Britaniýadan, Fransiýadan, Italiýadan we Ýaponiýadan ybarat G-7 ýurtlary çap eden bilelikdäki jarnamalary bilen Ukraina goldaw bermäge dowam etjekdiklerini mälim etdi.

G-7-ä agza ýurtlaryň liderleri Germaniýanyň döwürleýin ýolbaşçylygynda wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly geçirlen maslahata gatnaşdy.

Liderler tarapyndan çap edilen bilelikdäki jarnamada, “Ukraina goldaw bermäge dowam ederis. Rus hüjümlerine garşy Ukraina bilen arkalaşykly hereket etjekdigimizi ýene-de bir gezek nygtaýarys”diýildi.

Jarnamada, Russiýanyň Ukrainada infstrukturany nyşana alýan hüjümleri ýazgaryldy we asuda ilata garşy guralýan hüjümleriň harby jenaýatdygy ýatladyldy.

G-7-ä agza ýurtlar, Russiýadan hüjümlerini gyssagly bes etmegini we Ukrainadan şertsiz dolulygyna çekilmegini isledi.

G-7-ä agza ýurtlar tarapyndan kabul edilen bilelikdäki jarnamada, Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygynyň möhlediniň uzadylmagyna kanagatlanma bildirildi.

Telegram hasabyndan beýannama beren Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň harby güýçleriniň soňky wagtlarda esasan hem elektik infrastrukturalaryny nyşana almagy netijesinde Kiýew, Odessa, Lwow we beýleki sebitlerde elektrik toklaryň kesilmäge dowam edýändigini belläp, Ukrainada başdan geçirilýän energiýa meseleleri barada ýagdaýyň tankydydygyny habar berdi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny aýdan Wladmir Zelenskiý, telefon söhbetdeşliginde Gara deňiz Galla geçelgesi ylalaşygynyň geriminiň giňeldilmegi bilen Türkiye we Ukraina üçin uly ähmiýete eýe bolan global hadysalary maslahatlaşandygyny mälim etdi. 

Wladimir Zelenskiý Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen hem telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny beýan etdi. 

Ukrainanyň Premýer ministri Denis Şmygal hem sosial saýtdan beren ýazmaça beýanatynda, Russiýanyň harby güýçleriniň soňky wagtlarda Ukrainanyň tapawutly ýerlerindäki energetika infrastrukturalaryna garşy guraýan hüjümleri sebäpli, uly zyýanlaryň çekilýändigine ünsleri çekdi. 

Hüjümleriň netijesinde ýurtdaky ähli ýylylyk we gidroelektrik desgalaryna zeper ýetendigini aýdan Şmygal: "Ýokary woltly tor desgalarynyň 40 göterimine zyýan ýetdi. Her birimiz bu gyş elektrik toklaryň sarp edilşinde uly çäklendirmeleri başymyzdan geçirjekdigimizi bilmelidiris" diýip belledi. 

Ýurt derejesinde energetika meseleleriň çözülmegi üçin hökümediň gerek bolan býujeti aýyryp goýandygyny we abatlaýyş işleriň tiz depginler bilen dowam edýändigini aýdan Şmygal, hassahana, harby, senagat we beýleki tankdy infrastrukturalar bilen öýlere elektrik tok hyzmatlarynyň berilmeginiň ileri tutulýandygyny habar berdi.